BAŞ KANUNYM, ÝAŞYL BAÝDAGYM
16-03-23
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni bilen bile bellenilmeginde uly many bar. Ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.
Her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bilelikde bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň döwletimiziň Baş kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisinde-de öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwrebap, halkara hukukda ykrar edilen konstitusion döwlet gurluşy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary, olaryň hukuk goragynyň kepillikleri, halkyň milli we umumadamzat gymmatlyklar ulgamy jemlenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Baş Kanunymyz demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek boýunça ýetilýän belent sepgitleriň mizemez şerti bolup hyzmat edýär.
Döwlet baýdagymyzyň baky ýaşaýşy we döredijiligi aňladýan ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden pasyrdaýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň uly abraýydyr.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşany hökmünde görnükli ýerde ýerleşdirilen zeýtun baldajyklary milli Baýdagymyza aýratyn öwüşgin çaýyp, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny açyp görkezýär. Bu gün bagtyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup al-asmanda parlaýan Döwlet baýdagymyz hakyndaky kanunçylyk hem öz gözbaşyny Konstitusiýadan alyp gaýdýar. Esasy Kanunda berkidilen kada laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halky Esasy Kanunynyň saýasynda ýaşyl Tuguny belentde tutup, bagtyýar geljegine barýar. Bize baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Rüstem ANNAMEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.