Berkarar döwletiň bagt şäheri ― Arkadag!
23-05-23
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowamatyny tapýan beýik işler dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň ykrarnamasydyr.
Juda gysga wagtyň dowamynda ýokary hil ülňülerine doly laýyk derejede bina edilen bu ajaýyp şäher diňe bir biziň eziz Diýarymyzda däl, eýsem, sebitde-de ýeke-täkligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Şonuň bilen birlikde hem merdana halkymyzyň köňül islegi bilen «Arkadag» diýlip atlandyrylan «akylly» şäher döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň bimöçberdiginiň, türkmen gudratynyň dowamat-dowam tapýandygynyň güwäsidir.
«Arkadag şäheri» adyna eýe bolan täze, döwrebap edara ediş merkezi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň belent nusgasydyr. Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy hem halkymyzyň taryhy şahsyýetlerine bolan taýsyz hormat-sylagyny görkezýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen täze şäherde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet Saçly Dursunowanyň, Halkara atçylyk akademiýasyna ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.
Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalyp, ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Täze merkeziň amatlyklary we artykmaçlyklary Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Sahawatly türkmen topragynyň iň owadan künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen döwrebap şäher göwünleri galkyndyrýar. Bu döwrebap şäherde bina edilýän bilim we terbiýeçilik merkezlerinde döwrümiziň bagtyýar nesilleri ylym-bilim öwrenip, hünärleri özleşdirerler. Bagtyýar raýatlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze jaýlarda rahat ýaşarlar. Täze şäherde geçirilýän işleriň çäklerinde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Täze «akylly» şäheriň binagärlik keşbiniň aýratynlyklary halkymyzy diýseň guwandyrýar hem buýsandyrýar.
Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys» diýen sözleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.
Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň hatyrasyna şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Nurgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.