Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk
23-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara derejesindäki artýan işjeňligini baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip nygtady.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi biziň ýurdumyzda «ýaşyl energetikany» ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işleriň uzak möhletleýin esasda alnyp barylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly maýa goýumlaryny goýýarlar, olaryň hatarynda daşky gurşawy goraýan we durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaklyga ýardam edýän «ýaşyl energetika» taslamalary — ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmek, hususy telekeçilik işini ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglydyr.
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Energetika babatda döwlet syýasaty energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energo netijeliligi ýokarlandyrmaga hem-de energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologik taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, energobalansyň gurluşynyň amatlylygyny, energotygşytlylygyň dolandyrylmagynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda elektroenergiýanyň sarp edilişiniň energonetijeliligini üpjün edýän, ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň energetiki, nebitgaz we beýleki pudaklaryň edaralary we kärhanalary üçin energotygşytlylyk boýunça ylmy barlaglary geçirmek we hödürnamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň howa we geografik şertleri ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylaýta-da oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky yerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň bir görnüşi hem Gün energiýasy hasaplanýar. Türkmenistanyň howa we geografik şertleri Gün energiýasyny almaga, ony elektrik we ýylylyk energiýasy üçin senagat çäklerinde işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da ýurdumyzda ýeliň, geotermal suwlaryň energiýalaryny, bioýangyç energiýasyny peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar.
Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli çäreler kesgitlendi. Bu çäreler innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini almak we energotygşytlaýjy enjamlaryň, abzallaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini Türkmenistanyň ykdysady we durmuş pudaklarynda ulanmak boýunça işleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksatlar bilen, esasan hem elektroenergetika we nebit gaz pudagynda ýangyjyň köp sarp edilişini düzgünleşdirmek arkaly pes temperaturaly kombinirlenen ýylylyk üpjünçilik tehnologiýalaryny döretmek, nebiti we gazy çykarmakda, saklamakda we daşamakda energotygşytlylyk boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýylylyk üpjünçiligi we jemagat infrastrukturalaryň ulgamlarynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ýylylyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, durkuny täzelemek we çykdajylaryň azaldylmagy boýunça ygtybarly ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan, dünýäniň energetika kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni energiýa howpsuzlygynyň ulgam dörediji elementlerine gönükdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly maýa goýumlaryny çekmek ýoly arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar. Bu ýerde ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk ileri tutulýar. Şu jähetden, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini ugradyjy iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň çykyş etmegi energetika diplomatiýasynyň möhüm şahasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen onlarça Kararnamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Olaryň hatarynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen iki Kararnama energiýa babatdadyr. Munuň özi Türkmenistanyň energiýa akymlarynyň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada öňe süren başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu resminamalaryň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen örän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
«Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle-de häzirki zaman şertlerinde elektrik beketler üçin ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategiki pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli çözmäge ýardam berýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň anyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri we amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp geçirilýän ylmy barlaglar şol bir wagtyň özünde türkmen ylmyny döwrebap ösdürmäge we dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmäge oňaýly täsirini ýetirýär. Biz hem türkmen ylmyny ösdürmekde we ony täze belentliklere çykarmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige, şol sanda ýangyç-energetika ulgamlaryna ornaşdyrmaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!
Daýanç TAGANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.