Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

23-05-23

Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl  alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.

Beýleki halklardan tapawutlylykda  türkmenler birek-birek bilen salamlaşmagyň we mähirli hal-ahwal soraşmagyň  hem ummasyz kop sogap getirýändigine ynanypdyrlar. Türkmen oýünde tagam bişirilse ilki bilen goňşulara iberilýär. Bu ajaýyp däp goňşy bilen goňşynyň agzybirligiň örän pugtadygyny, jebisdigini aňladýar. Eýýamlaryň özgerýändigine we ýaşaýyş durmuşumyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän edim-gylymlary, däp-dessurlary bagtyýarlyk döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz dost-doganlyk, goňşyçylyk gatnaşyklary goldanyp, döwrebap ösüşler içre barha kämilleşýär. Dostlugy däp-dessur edinen halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklary bu günki gün bütün dünýäde rowaçlanýar. Goňşuçylyk gatnaşygy adamlaryň ruhy gözýetimini görkezýän  ajaýyp dessurlarynyň  biridir. “Toý görki bagşy öý görki goňşy” diýilşi ýaly türkmeniň goňşuçylyk edebi adamlaryň arasynda gatnaşygyň ýokary mekdebidir. Döwlet dürli milletden bolan adamlaryň biri-birine sarpa goýmagy, goňşyň şatlygyna begenip, gam-gussasyny paýlaşmagy edebi ýörelge edinýär. Bu ýörelge ynsanlaryň arasyndaky gatnaşygyň medenýetini ösdürýär. Nirde agzybirlik bolsa üstünlik hem, ýeňiş hem şol ýerde bolýar.  Türkmen halky gadymýetden bäri agzybirligiň gymmatyna düşnüp, ýaşaýan halk.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz goňşy döwletler bilen doganlyk dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Dünýäniň ençeme uly we abraýly döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. Daşary ýurtlaryň halklarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça  döwletara gatnaşyklar barada birnäçe resminamalara yzgider gol çekilýär. Bu il-ýurt bähbitli ýurtlaryň abadançylygyna gönükdirilen taryhy wakalar  daşary ýurt hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de goňşy ýurtlaryň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmak-da  pugta binýadyň döredilmegine ýardam edýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Begenç TOKAÝEW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.