Arkadag şäheri – täze eýýamyň ýalkymy
18-05-23
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly taryhy wakalar bilen gurşalýar. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, Ahal welaýatynda gurulýan täze, döwrebap edara ediş merkezi “Arkadag şäheri” diýlip atlandyryldy. Bu waka döwrümiziň ýalkymyna öwrülip, halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgininiň hem-de köpugurly kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini, şol sanda amatly ekologik gurşawyň döredilmelidigini belledi.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň günsaýyn gözelleşýän Arkadag şäheriniň dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda orun eýelejek wagty bolsa indi daşda däl. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şäherde ýaşaýan adamlar üçin amatly daşky gurşawy döretmek hem-de olaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleri döretmek şäheri ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda halkymyzyň baý taryhyny we medeniýetini aýdyň şöhlelendirýän, türkmeniň beýik ogullaryna, zenanlaryna belent hormat-sarpany aňladýan we uly täsir galdyrýan täsin binagärlik çözgütlerine aýratyn orun berilýär.
Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen milli binagärlik, ylym-bilim, senagat, ykdysadyýet, oba hojalyk, innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny ösdürmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Sungat derejesine ýetirilýän Arkadag şäheri ajaýyplygy, bitirilen beýik işler bilen bitewülikde halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär. Ruhubelentlik we belent ynam mähriban halkymyzda berkarar Diýarymyzyň öňegidişliklerine, beýik ösüşlerine düşünmäge, gurmaga we döretmäge bolan höwesi, hyjuwy artdyrýar. Halkymyz ýurtda amal edilýän beýik işlerden, ýurduň şöhratly ösüşlerinden, asuda we bagtyýar durmuşyndan, ata Watanyň bähbidine gönükdirilýän beýik başlangyçlardan ylham we güýç-kuwwat alýar. Amala aşyrylýan beýik işleriň ata Watanymyzyň berkararlygyny, abraý-mertebesini belende galdyrmakdaky, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dabaralanmagyndaky ähmiýeti juda ýokarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alan beýik işler ýurdumyzyň ähli ýerlerini zähmet joşgunyna, belent özgertmelere besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz beýik ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw-isleglerini berkarar edýär. Beýik ösüşlere beslenýän Diýarymyzda her bir türkmenistanlynyň ýüregi “Jan Watanym Türkmenistan” diýip urýar. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasyna, baş şygaryna öwrüldi. Türkmen halkynyň şu güni, şöhratly geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, hatar-hatar obalary, şäherleri, şäherçeleri, ýaşaýyş toplumlaryny döretmeginde, bir başa gulluk etmeginde jemlenendir. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!
Goç BEGMURADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.