Arkadagly ýaşlar — ýagty ertirleri gurujylar
17-05-23
Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipler nazara alnyp Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edildi.
2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýylyň nyşany tegelek Zemin şekilinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi bütin jahana we Garaşsyz, Bitarap, Berkarar döwletimiziň asudalygyny we bagtyýarlygyny aňladýan Türkmenistanyň açyk ýaşyl öwüşgindäki kartasyna ýalkym saçýar. Ýaşyl reňk ösüşi, özgerişi we bahar paslyny alamatlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny, ýagny halkyň Arkadagly Serdary bilen bagtly durmuşy gurýandygyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarsynda guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntyjagy ýatladýan şekil ýerleşdirilen. Ol bolsa, Türkmenistany öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.
Gyzyl, ýaşyl, sary, benewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gülýapraklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol türkmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär. Nyşanyň aşagyndaky 2023 diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalar 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär.
Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan filosofiýasyny, ýol-ýörelgesini görkezýär, bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde eziz ata-Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.
Türkmen ýaşlarynyň kalbynda beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagy, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin uly mümkinçilikleri döredilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.