ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI

02-06-21

Türkmen halky irki döwürlerden bäri çaga terbiýesine uly üns berip gelipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş neslimiziň edep-terbiýesi babatda uly işler amala aşyrylýar. Çagalar biziň geljegimiz, arzuw-umytlarymyzdyr. Dury asmanymyzyň astynda eşidilýän çaga gülki sesleri her bir türkmen raýatynyň şatlygyna şatlyk goşýar. “Çaga — durmuşyň güli” diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Halk döredijiliklerine baý halkymyz öz balalaryny ezizläp, söýgüläp birnäçe aýdymlarydyr hüwdüleri döredipdirler.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär, bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar çagalarymyza bilim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ýurdumyz nesilleriň sagdyn ösmegi, ruhubelent bolup ýetişmegi barada tagalla edýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işjeň wekili bolmak bilen, bu halkara guramanyň alyp barýan işine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr.

Nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwren milli Liderimiziň aladasy bilen enelere göwrelilik döwründe we çaga doglanyndan soň ençeme ýeňillikler döredilip berilýär. Bagtyýar çagalygy üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, şäherçelerinde çagalaryň we eneleriň saglygyna goldaw berýän “Ene mähri” merkezleriniň tutuş ulgamynyň döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Berkarar döwletimiziň ýaş nesilleriniň sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Serdar GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.