Asudalygyň hem rowaçlygyň ýoly bilen
02-06-21
Parahatçylyk, agzybirlik adam üçin tapylgysyz gymmatlykdyr. Parahatçylyk, dost-doganlyk ynsany bagtyýar edýän gymmatlyk bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly parahatçylyk ýörelgesiniň dünýädäki ykrarnamasyna öwrüldi.
Her bir ýurduň döwlet syýasaty, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde tutýan ornunyň beýanydyr. Dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisiniň geçirilen ýylynda Türkmenistan döwletimize hemişelik Bitaraplyk statusynyň berilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleriň täzeçe many-mazmunyna öwrüldi. Çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly we döredijilikli gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, dürli ýurtlaryň, yklymlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy ugrunda işjeň çykyş edýär.
Ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler, ýetilen belent sepgitler Türkmenistanyň halkara arenasynda abraýyny artdyrdy. Ýurdumyzyň agza bolup durýan halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň many-mazmunyndan hem parahatçylygyň, dost-doganlygyň güýji eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle belleýär: «Diňe parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigine bil baglaýandygyny men öwran-öwran gaýtalaýaryn. Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasy başlangyçlarynda şundan ugur alýar. Bu başlangyçlar, aslynda, häzirki zamanda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy howpsuzlygyň täze binýadyny kemala getirmegiň taslamasydyr». Bu pikirler ýurdumyzyň parahatçylyga näderejede hormat goýýandygyny alamatlandyrýar.
Parahatçylygy we ynanyşmagy ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adalatly syýasatynyň dowamaty dowam, tutumly işleri rowaç bolsun!
Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.