HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY
17-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň agzybir durmuşda ýaşamagy üçin Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleri, türkmeniň milli buýsanjy bolan ajaýyp halylarymyzyň taryhy köklerini öwrenmek barasyndaky alyp barýan taýsyz tagallalary bizi diýseň buýsandyrýar.
Halyçylyk hünäri ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip, sungat derejesine ýetirildi. Hünäre ussat bolmak üçin başarnyk, zehin, ukyp gerek. Ýöne ukyp-başarnygyň, zehiniň ýeterlik bolaýanda-da, türkmen halysy ýaly sungaty döretmek örän kyndyr. Täsin galdyrýan owadan halylary dokaýan zenanlaryň döredijilik ukybyny görenler haýran galýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly kitabynda gyzykly maglumatlar berilýär. Bu kitapda haly gölleriniň nagyşlarynyň manysy hakynda hem giňden gürrüň edilýär. Täsin nagyşlar halyçynyň pähim-paýhasy, oý-pikirleri bilen dünýä inýär. Haly ýöne bir gözelligiň nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gaýtalanmajak sungat eseridir.
Halyçylyk sungatymyzyň uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýandygy taryhy hakykatdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende halkymyzyň örän gadymy wagtdan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigini tassyklaýan maglumatlara duş gelindi. Agzalan maglumatlary 1949-njy ýylda Daglyk Altaýyň Pazyryk depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri hem tassyklaýar. Bu ýerdäki gadymy guburlar barlananda milli halylarymyzyň ýüze çykarylmagy türkmen halysynyň köküniň müňýyllyklara uzaýandygyny subut edýär. Tapylan halydaky üýtgemeýän reňkleriň oýlanyp tapylmagy halyçylyk sungatynyň gadymy döwürlerde hem halkymyzyň esasy hünärleriniň biri bolandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Ol Daglyk Altaýdaky buzluklaryň arasynda saklanyp galypdyr. Halynyň käbir ýerleri zaýalanan hem bolsa, esasy bölegi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň düşegine sugunlaryň, bürgüt ganatly ýolbarslaryň, atlaryň şekili çitilipdir. Gadymy halynyň gyrasyndaky guýrugy düwlen bedewler hem türki halklarda yzygiderli duş gelýän şekilleriň biridir.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen halylarynyň şeýle nepisligi hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Haly sungatymyzy dünýä ýüzüne ykrar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Arzygül TÄJOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.