Ýaşlar bilen ýagty ertirlere
17-05-23
Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyly belli bir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu çözgüt diňe şol ýyly şöhratlandyrjak işler bilen däl, eýsem, ondan soňky ýyllaryň wezipelerini hem kesgitlemäge oňyn mümkinçilik berýär. Özi-de ýyllaryň şygarlarynyň we olaryň nyşanlarynyň raýatlardan gelip gowuşýan teklipler boýunça kesgitlenilýändigini aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.
Mälim bolşy ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanuny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Arkadagymyzyň başlyklygynda ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat döwlet ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan meselelerine bagyşlandy. Şonda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahata gatnaşyjylary ýaşlar hakynda täze Kanunyň taslamasy bilen tanyşdyryp, bu babatda ýaşlaryň pikirlerini we tekliplerini öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, degişli Kanunyň taslamasy taýýarlananda, ýaşlaryň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň nazara alnandygyny aýratyn bellemek gerek.
Aslynda, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly hukuk resminamasyny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy näme esasynda ýüze çykdy?! Bu Kanun, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň ençemesi kabul edildi. Türkmenistandaky durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça toplumlaýyn maksatnama amala aşyryldy. Ähli ugurdaky oňyn özgertmeler, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, giň möçberli taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işleriniň netijesidir.
Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady iň gowy milli däpleri hem-de döwrebap meýillere açyklygy özünde jemlemek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini we Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini nazara alýar. Şonuň üçin milli kanunçylyk namalaryny ykdysadyýetimizde, jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmelere laýyk getirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Bu özgertmeler, şol sanda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär, diňe ýaşlaryň däl, eýsem, ähli ýaşdaky raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur şertleri kepillendirýär.Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr. Ynam bolsa adama örän uly ruhy güýç berýär. Ol mukaddesdir hem-de hökman ödelmelidir. Bildirilýän belent ynamy ödemek biz — ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdepdir.
Biz özümizi şu ajaýyp döwrüň iň bagtly ýaşlarynyň biri hasaplaýarys. Ýurdumyzda arzuw etseň we oňa ýetmek üçin yhlasly zähmet çekseň, maksadyň hökman myrat tapýar. Bu hakykata her birimiz hem öz durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Döredilýän giň mümkinçilikler biz — ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Hoşgeldi ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.