Täze eýýamyň döwrebap şäheri
16-05-23
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherleri we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Arkadag şäheri» adyny alan täze merkez şähergurluşyk maksatnamasynyň täze sepgitlere ýetýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu ýerde gurluşyklaryň birinji tapgyrynda jemi 336 sany desganyň, şol sanda häkimligiň edara binasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň, Baýdak sütüniniň, «Arkadag» monumentiniň, Arkadag atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet köşgüniň, kitaphananyň, Bagt köşgüniň, drama teatrynyň, muzeýiň, şäher derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň, banklaryň edara binalarynyň we beýleki möhüm desgalaryň jemlenmegi-de bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda, Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, köňül buýsanjyny has-da artdyrdy.
Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylyp, onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy bolsa türkmen sungatynyň taryhynda täze sahypany açdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen yzygider gyzyklanýar hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny mydama gözegçilikde saklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat desgalarynyň gurluşygy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde ululy- kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Munuň özi azyk howpsuzlygyny, degişli ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün eder. Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem gözel paýtagtymyz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ylýas HASANOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.