Ösüşlerde ýaşlaryň bady bar!

14-05-23

Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Egsilmez eşretleriň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz täze ýyly ýagşy umytlardyr,  ak arzuwlar bilen garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip  atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňrysynda hem uly many bar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň nyşanynyň bezeginiň, galyberse-de, ondaky ýerleşdirilen dürli reňkleriň aýratyn manysynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Ol tegelek zemin şekilinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi alamatlandyrylandyr. Bu şöhle älem jahana we Garaşsyzlygyna guwanyp, hemişelik Bitaraplygyna buýsanyp ýaşaýan halkymyzyň mährem ojagy — Türkmenistan ýurdumyzyň kartasyna ýalkym saçýandygyny aňladýar. Bahar paslynyň ýaşyllygyna kybapdaş reňk ösüşi, özgerişi suratlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarsynda ýerleşdirilen guşuň keşbi bilen ýaşajyk pyntyjak ýurdumyzy öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysalydyr. Gyzyl, ýaşyl, sary, benewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gülýapraklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol türkmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär. Nyşanyň aşagyndaky 2023 diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalar 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan filosofiýasyny, ýol-ýörelgesini görkezýär, bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde eziz ata-Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän işleri, raýatlarymyzyň eşretli durmuşlaryny göreniňde kalbyň joşa gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň mala aşyrylýan,  belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.Ýaşlar-biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar barada örän uly alada edilýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ynamyny ödemek bilen ata Watanymyzyň ygtybarly ösüşine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Ine, onsoň arzyly menzilde biz — ýaşlara ýurt derejesindäki bildirilen ynamdyr umytlary artykmajy bilen ödedigimiz bolar. Çünki ynam, umyt, jogapkärçilik... diňe mynasyp ynsanlaryň egnindedir! Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnahal GAIPOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.