IKI MUKADDESLIK

04-05-26

Mukaddeslikler birleşende ýurduň binýady pugtalanýar, beýik maksatly işler has-da dabaralanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – ýurduň özbaşdaklygyny, özygtyýarlygyny, asudalygyny, halkyň agzybirligini, jebisligini, binýadynyň berkligini, mizemezligini aňladýan mukaddes resmi nyşandyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa, halkyň agzybirliginiň, erkinliginiň, milli garaýşynyň we ruhy gymmatlygynyň mizemez girewidir. Garaz, bu goşa mukaddeslik bir bitewi jandyr, göwredir.

Ol mukaddeslikler halkymyzyň şöhratly taryhydyr, buýsançly şu günüdir, bagtyýar ertiridir. Çünki, bu günki gün ýurdumyzda goşa baýram – goşa toý hökmünde toýlaryny uludan tutýan mukaddesliklerimize halkymyzyň ar-namysy, lebiz-ygrary, Watana, türkmen topragyna söýgüsi, beýik işlere rowaçlygy, gahryman peder ruhlaryna belent sarpasy siňendir. Bütin halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ýaşyl Baýdagymyz hem mundan 35 ýyl öň Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy ynsanperwerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi terbiýeleýän döwlet nyşanlarynyň biri hökmünde belentde pasyrdady.

Aslynda türkmen Tuguny ar-namysyny goraýşy dek gorapdyr. Oguz han Türkmen döwründe-de Tugy götermek, alyp gitmek gabat gelen, adama ynanylmandyr. Tug götermek uly dereje bolansoň, ol gaýratly, edermen, abraýly adamlara ynanylypdyr. Söweşlerde Tug hemmeleriň gözüniň alnynda pasyrdapdyr. Tuguň pasyrdysy goşunyň ruhuna aýratyn täsirini ýetiripdir. Bu günki gün ýalkymy dünýä düşýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň synmaz nyşanyna öwrülen ýaşyl Tugumyz bilen baglanyşykly taryhy çeşmelerde öz mynasyp ornuny tapan şu günler hem Baýdagymyzyň hemişe eý görlüp gelnendigine şaýatlyk edýär.

Ir wagtlarda bir serkerdebaşy öz goşunyndaky baýdak göteriji esgerini ýanyna çagyryp: «Sen indi garradyň, goşuna eýermersiň, öňümizde bolsa uly söweşler ýatyr. Baýdagy indi başga birine ynanaýsak nähili bolar?!»  diýip, oňa ýüzlenipdir. Onda esger serkerdebaşysyna garap: «Ýok, meniň ellerimi baýdak götermekden mahrum etme! Indi garrylyk hem ýetişip gelýär. Ýöne, ýaşymyň soňunda onuň abraýyny alaýyn. Men onuň bilen soňky damja ganyma çenli duşmanlara garşy söweşesim, onuň astynda ýeňşe ýetesim gelýär!» – diýipdir. Serkerdebaşy şonda oňa minnetdarlyk terzde baş atyp: «Söweşde siziň ýaly mert, goç ýigitlerimiz, ynamdar adamlarymyz arkamda dag ýaly il-günüm bolsa şu baýdagymyz bize diňe üstünlik, ýeňiş getirer!» – diýipdir.

Halkymyzy şu eşretli  döwre-döwrana ýetiren hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet Baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, şatlygymyza şatlyk, ruhumyza ruh goşýan, täze galkynyşlara, beýik ýeňişlere galkyndyrýan egsilmez ruhy güýçdür» diýip buýsanç bilen aýdýan sözlerinde bolsa, bu günki gün ýalkymy dünýä düşüp, Ýer ýüzüne nur saçýan ýaşyl Tugumyza bolan uly buýsanç, çäksiz söýgi bar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülbahar NAZAROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Menejment we innowasiya tehnologiýalary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.