OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

23-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uly täsirini ýetirýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, olary öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmaga itergi berýär. Arkadagly Serdarymyz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek barada Konsepsiýa kabul edildi. Häzirki wagtda telematik sanly ulgam bilen doly üpjün edilen döwrebap tehnikalar tapgyrlaýyn getirilip önümçilige ornaşdyrylýar.

Sanly telematik ulgamy dolandyrmak maksady bilen, zerur hünärmenler bilen yzygiderli üpjün etmek gaýragoýulmasyz meseleleriň birine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzda simsiz aragatnaşygyň hem-de nawigasiýanyň hemra ulgamynyň ösdürilmegi telemetrik ulgamlar arkaly takyk, sanly ekerançylyga geçirilýän oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam eder.

Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda köp ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, «John Deere» şereketi iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysalyny görkezdi. Döwrebaplaşdyrylan «John Deere» tehnikalary innowasiýa esasynda ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna yzygiderli ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady bolup durýar hem-de bu pudagyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini pugtalandyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç SAPARMADOW,  
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurlusygy we kadastrlar taýýalyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.