AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM

25-05-24

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly ruhubelentlige, toýdur-baýramlara beslenýär. Ine, şeýle toýlarymyzyň biri hem 25-nji maýda baýramçylyk dabarasyna öwrüljek ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günüdir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz bu günki günde dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan Aşgabat şäheri bu günki gün hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladasy bilen Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär.

Ak mermere beslenip duran Aşgabat şäheri ýurdumyzyň hem paýtagtydyr, hem ýüzüniň tuwagydyr. Altyn gümmezleri bilen uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýän köşkler, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly şähergurluşyk, binagärlik sungaty bilen haýran galdyrýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary we desgalary, gür baglyga öwrülip , bilbiller saýraýan seýilgähleri türkmeniň guwanjydyr we buýsanjydyr. Indi gözel görkli paýtagtymyz iri halkara maslahatlarynyň, işewür duşuşyklaryň, dostlukly döwletleriň medeniýet günleriniň, halkara sergileriniň, festiwallarynyň, dürli görnüşli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi, şäheri hökmünde-de dünýä ýüzüne tanalýar.

Aşgabat şäherimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki gözel keşbini bolsa bu günki günde tüweleme göräge göz, tarypyny dünýä ýaýmaga şirinden-şirin şahyrana söz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy bilen gülleýän Aşgabat şäherini näçe taryplasaň hem bärden gaýdýar. Aşgabat şäheri dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna goşulmagy babatda uly atalyk aladalaryny edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady özgertmegiň baş arhitektorydyr. Mähriban Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabatda täze-täze ymaratlar, binalar, kwartallar, şäherçeler, medeni köşkler, sport toplumlary, şaýollardyr iki gatly kaşaň köprüleriň we beýleki binalar günsaýyn köpelýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabadyň gün-günden gözelleşýän keşbi, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrýan owadan binalary bu ýere gelýän her bir adamy buýsandyrýar. Paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlasaň-da, päk zähmetiň gaýnap joşýandygy görünýär. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mermer şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabyny sowgat bermegi bolsa ähli halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Aşgabat şäherini wasp edýän eseriň elimize gowuşmagy biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgat boldy. Bilşimiz ýaly, kitapda paýtagtymyz Aşgabadyň şöhratly taryhy, bagtyýar şu güni aýdyň şöhlelenýär. Kitapdaky paýtagtymyzyň gözel keşbini şekillendirýän fotosuratlar aşyklaryň şäheri, mermer Aşgabadymyza söýgimizi has-da artdyrýar. Alty bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitap döredijilik işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzda binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga, zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň töwerekleri dürli görnüşli güllere we baglara bürendi, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary guruldy.

Bü günki gün biziň her birimiz binagärlik keşbinde geçmiň taryhymyz bilen häzirki günümiziň üznüksiz arabaglanyşygyny özünde jemleýän owadan paýtagtymyza buýsanyp, guwanyp ýaşaýarys. Şäher derejesindem has belent, has mertebeli gözel Aşgabat milletimiziň ykbalyny, geçmişini, şu gününi, geljegini nurlandyryp duran mukaddes mesgenidir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Allamyrat KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Taktiki we terbiýeçilik taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy, uly leýtenant.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.