Ady aýdyma öwrülen, Aşgabat!

14-05-23

Taryhda «Aşyklaryň şäheri», «Yşkyň şäheri» diýlip tanalan Aşgabat şäheri gözelligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nusgasy bolupdy. Paýtagtymyzyň bu günki ajaýyp keşbi bolsa parahatçylygyň, aklygyň, ösüşlere tarap galkynmagyň nyşanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda birek-birege dostluk gollaryny uzadan ýurtlaryň parahatçylyk hakynda söhbetleşýän, parahatçylyk hem ynanyşmak atly beýik ýörelgeleriň güzer edinen ýerine öwrüldi.

Islendik ýurda baranyňda ilki bilen şol ýurduň binalarynda gözüň eglenýär. Şolara seredip, ýurduň ýüzüni, ösüşlerini görýärsiň. Biziň mermer şäherimiz babatynda hem şeýle. Ak bagta meňzeş binalar ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri barada sözsüz söhbet açýar. Aşgabat – ýurdumyzyň ýüregi, kalbymyzyň bezegi. Şahyr aýtmyşlaýyn “Arkadagyň sungat eseri” bolan Aşgabat şäheri gün-günden özgerýär. Sazlaşykly gözellige beslenip, sebitde iň owadan merjen şähere öwrülýär.

Sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzda bina edilen Maslahatlar köşgi, Konstitusiýa binasy, Metbugat öýi toplumy, Halkara howa menzili, “Ak şäherim Aşgabat” binasy, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi, “Arçabil” seýilgäh toplumy, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy ýaly ajaýyp desgalaryň sanyny näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Beýik binalar ýaşyl baglardyr gyrmyzy güllere beslenip, paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýar. Bina gursa toý niýetleýän türkmen halky bagtyýar zamanamyzyň her bir baýramçylygynda täze binalaryň açylyş dabarasynyň şaýady bolýar.

Aşgabat şäheri – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik taryhly döwletiň özeni. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheri iň owadan, nusgalyk şäherleriň birine öwürmek barada uly aladalar edýär. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işlerini gözegçilikde saklaýar, paýtagtymyz boýunça gurulýan desgalara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, degerli maslahatlary berip durýar. 

Paýtagtymyzda dürli ýyllarda bina edilen desgalar, köçelerimizi, seýilgählerimizi bezeýän heýkellerdir monumentler halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyndan, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinden habar berýär. Biz bu gün – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan atly beýik ýurtda ýaşaýarys. Bize jennet kybap şeýle zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Eziz MYRATGELDIÝEW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.