Ene mertebesiniň waspy

07-03-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň derejesini belende göterdi. Mähriban enelerimiziň ýaza meňzeş ýüregi, nirede bolsak hem biziň bilendir. Dünýäde iň mukaddes, iň näzik zatlary bahara, bahary bolsa enelere deňeýärler.

Maşgala daragtynyň söýegi, geregi, diregi bolan eneler öýlerimize ajaýyp nuruny çaýýar. Çünki bu sözde gudrat, kerem bar. Bu dünýäde mukaddesligi aňladýan «ene» diýen söz seniň kalbyňy gurşap alyp, bagtyýarlyga ugrukdyrýar. Ýaşaýşyň baharyna meňzeş eneler ýaşan ömürlerinde maşgalada öz görüm-göreldesi bilen nusgalyk edep-terbiýe berýärler, öz miraslyk göreldesi bilen zenan edebine mahsus gylyk-häsiýetleri biziň kalbymyza guýýarlar. Türkmen zenanlary bu edebi mirasy, milli häsiýetlerini özlerine nusgalyk edinýärler.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen Halkara zenanlar gününiň döwlet derejesinde baýram edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen bagt tapan mähriban ak saçly enelerimize, zenanlarymyza we bahar bilen bäsdeş gelin-gyzlarymyza egsilmez şatlygyny bagyş edýär.

Ýurdumyzyň her künjünde geçirilýän aýdym-sazly çykyşlar, medeni-köpçülikleýin çäreler şatlyk-şowhuna beslenýär. Ussat bagşy-sazandalar, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar zenanlaryň baýramçylyk ruhuna ruh goşjak eserlerini şanly senä sowgat edýärler.

Mährem eneler mukaddesligiň iň beýik nusgasy. Eneler perzendiniň bagty üçin alada edýärler. Ene mähriniň ýakymy perzent üçin hemişelik mukaddeslikdir. Häzirki döwürde bagtyýar türkmen zenanlarymyza hormatly Prezidentimiziň her ýyl Halkara zenanlar gününde «Zenan kalby» ordenini gowşurmagy, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy tenelerimize, gelin-gyzlarymyza nähili belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýän buýsançly, şatlykly wakadyr. Bu ordeniň döredilmeginiň türkmen zenanynyň mertebeli adyny ähli döwürlerde tug ýaly beýgelden, nesillere nusga bolan ene-mamalarymyzyň hatyrasyna beýik döwrümizden hormatdygy şübhesiz hakykatdyr.

Ene bu her bir adamyň ilkinji aýdýan sözi. Şonuň üçin dünýäniň ähli dillerinde «ene» sözi birmeňzeş ýaňlanýar. Her bir adam üçin iň mähriban, iň gymmatly, iň mukaddes sözüň enelerden, ýagny ýaşaýyşdan — toprakdan, suwdan, howadan, iýmitden, egin-eşikden, Watandan we başga-da köp zatdan gözbaş alýandygy ýöne ýere däldir. Bu bolsa zenanlarymyzyň durmuşda öz orunlaryny tapmaga, il-ýurt bähbitli işlere özboluşly goşantlaryny goşmaklaryna mümkinçilik berýär.

Halkymyzyň eşretli hözirini görüp ýaşaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ene hormatynyň döwlet derejesine çykan eýýamy boldy. Gahryman Prezidentimiz pederlerimizden miras galan bu uly hormaty has-da belende göterip, täze derejä ýetirdi. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Ata-babalarymyz türkmen zenanynyň mertebesini hemişe belent derejä göteripdirler. Enä, uýa, söwer ýara hormat goýmagyň, mukaddeslik hökmünde garamagyň belent nusgasyny nesillerimize görelde edip galdyrypdyrlar» diýen ajaýyp sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ajaýyplygy bilen Äleme bezeg çaýýan, ýetip gelen bahar paslynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Halkara zenanlar güni gutly, durmuşyňyz bahar bägülleri ýaly owadan bolsun, mähriban eneler, gelin-gyzlar! Goý, dünýäniň görki, zeminiň durky bolan eneleri sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Şöhrat BERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.