Ömrümiñ manysy ömürlere dowam
05-05-23
Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz berkarar döwletimiziň dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady kuwwaty bolan ýurt hökmünde belli bolman, eýsem, ruhy we döredijilik babatda hem ýokary kuwwatly mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmalydyrys» diýip bellemegi bolsa, aň-bilim, medeni babatda uly işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigine şaýatlyk edýär. Her bir işde tejribäniň, yhlasyň, başarnygyň aýratyn ähmiýetini nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi biziň üçin ägirt uly durmuş mekdebi bolup, çuňňur paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri halkymyzyň medeni hazynasynyň baýlygyna öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitaby hem many-mazmun, akyl-parasat, öwüt-ündew babatda gymmaty egsilmez baýlyk bolup, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynyň girişinde onuň many-mazmunyny açyp görkezip, «Şeýlelikde, milli kada-kanunlarymyz, döwletliligimiz bilen bagly, biziň bütin dünýäde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşleri bilen bagly hökman aýtmaly sözlerim bar. Şonuň üçin bu kitaba milli ýol-ýörelgämiziň, däp-dessurlarymyzyň, dinimiziň kökleriniň juda çuňdugy, has gadymy döwürlerden gaýdýandygy baradaky pikirlerimi girizdim. Dünýewi döwletimizde milli ýol-ýörelgämizi gaýtadan dikeldýändigimiz, berkidýändigimiz, juda aýawly, päkize saklaýandygymyz, ruhy gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň belentdigi baradaky garaýyşlarymy beýan etdim» diýip, kitabyň nähili uly giňişlikleri öz içine alýandygyna we onda giň okyjylar köpçüligini gyzyklandyrýan meseleleriň gozgalýandygyna ünsi çekýär.
Kitabyň bölümleriniň «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» diýlip atlandyrylmagy hem onuň nähili taryhy giňişliklere, pähim-parasat çuňluklaryna aralaşýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Kitabyň eýýäm «Ýaşaýyş medeniýeti» diýlip atlandyrylýan birinji bölümini okap başlanyňdan halkymyzyň asyrlarboýy kemala getiren ruhy-ahlak ýörelgeleri özüniň ähli arassalygy, kämilligi bilen ör-boýuna galýar. Halkymyzyň asylly terbiýe mekdebini öz süňňüne ornadan «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde», «Ata ogly ata çeker», «Atany söýen Watany söýer», «Enem-atam — şirin dilli ussadym», «Ene-atany horlanyň dony otdan bolarmyş» diýen ýaly atalar sözleri kalbyň jümmüşine aralaşyp, türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleriniň onuň özi ýaly agras hem asyllydygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň köpýyllyk iş tejribesine we ynsan häsiýetiniň çuňluklaryna akyl ýetirýän ýiti paýhasyna daýanyp, durmuş meselelerinden we her bir ynsanyň öňünde keserýän kynçylyklardan baş alyp çykmak üçin tutanýerliligiň hem-de maksadaokgunlylygyň zerurdygyny nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Haýsydyr bir zady ýüregiňe berk düwseň, maksat edinseň, bu ugurda tagallaňy gaýgyrmasaň, ýetilmejek menzil ýok. Munuň şeýledigini durmuşda kän gördüm. Dürli ynsan ykballaryny synlamak arkaly, bu barada özümçe netije çykardym» diýip ýazmagy, biziň her birimize tutanýerliligi, öz işimize yhlasly ýapyşmagy öwredýär hem-de ynsanyň durmuş tejribesiniň, geçen ömür ýolunyň uly mekdep bolup durýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby sözüň doly manysynda ahlak hem-de durmuş mekdebi bolup durýar. Onuň halkyň taryhyndan we hakydasyndan gözbaş alyp gaýdýan paýhas çeşmesi teşne kalplary gandyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Alişer IŞMATOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.