GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN
12-11-24
Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Gallanyň bol hasylynyň ýygnalmagy bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.
Däp bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gallanyň bol hasyly ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň her welaýatyna toý sapary bilen baryp galla oragyna başlamaga ak pata berilmegi zähmetkeş babadaýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Ýeri gelen-de aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de döwrebap ýük ulaglarynyň häzirki döwürde ýetişdirilen galla hasylyny kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak işine mynasyp goşant goşýandyklarydyr. Ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň alynmagy azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň netijesinde Türkmenistan azyklyk gallany eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Bu ajaýyp üstünlik döwletimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek baradaky tagallalary, edermen daýhanlarymyz hakyndaky irginsiz aladalarynyň netijesinde gazanyldy.
Ähli ulgamlar, ähli pudaklar bilen birlikde biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem bu möhüm jogapkärli möwsüme galla hasylyny ýetişdirmekde mynasyp goşant goşmak ugrunda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikler arkaly çuň özleşdirmekde Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy hojalyklarynda bolup yzygiderli kämilleşýärler. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdiren guşgursak ak bugdaýly pellerde bolmaklary aýratyn täsirlere beslenýär. Talyp ýaşlar bu ýokary okuw mekdebiniň Okuw-tejribe hojalygynda ylmy esasda ýetişdirilen bugdaýly meýdanlarda bolup, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan sowgat beren “CLAAS” kysymly kombaýynlaryna erk edip bugdaý oragyna işjeň gatnaşýarlar.
Bagtyýar talyplar ak bugdaýyň ideg işleri, ösdürilip ýetişdiriliş aýratynlyklary, sortlar boýunça aýratyn saklanyş şertleri bilen içgin tanyş boldular. Bu ýerde halypa mugallymlar hem-de tejribeli mehanizatorlar bol hasyly isripsiz ýygnamakda mehanizatorlara möhüm ugruň degişlidigi, şonuň üçin bu hünäri ele almagyň inçe tilsimleri barada özleriniň degerli maslahatlaryny berdiler. Şu babatda geljekki oba hojalyk hünärmenlerine halypa mehanizatorlar, tejribeli hünärmenler, ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary özleriniň ýakyndan kömeklerini berýärler, iş usullaryny ele almaklyk üçin şert döredýärler.
Galla - durmuş. Hasyl - ýeňiş. Durmuş-bagtyýar. Galla halkyň baýlygy, Watanyň ykdysady kuwwaty. Galla öndürip bilýän ýurt umumyadamzat taryhyna gaýtalanmajak gymmatlyklary goşup bilýän döwletdir. Biziň ýurdumyz hem şeýle bagta eýe bolan döwletdir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Begenç BEGENÇEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.