Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

04-09-26

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara hem-de ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Bilşimiz ýaly, 1-nji sentýbrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Häzirki wagtda ýaş nesliň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna umumy sapagynyň geçirilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Sapakda beýan edilen pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle mugallym hökmünde saýlap alan kärime bolan söýgimi has-da artdyrdy. Umumy sapagyň dowamynda ýurdumyzda garaşsyz ösüşiň 35 ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu beýik ösüşleriň binýadynda halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylygynyň we döredijilikli zähmetiniň bardygy barada bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan umumy sapagy bu ynamymy has-da berkitdi. Sapagyň dowamynda Milli Liderimiziň nesil terbiýesi hakynda aýdanlary, bu ugurda mugallymdyr halypalaryň öňünde goýan wezipeleri saýlap alan kärimize bolan tutanýerliligimizi has-da artdyrdy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, uly ösüşler we özgerişler bilen öňe barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we irginsiz aladalary bilen, halkymyz eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyz milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasyna, gujur-gaýratyna, ynsanperwer ýörelgelerine uly hormat we sarpa goýýar. Beýik taglymatlara beslenen bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyna peşgeş eden bagtyýar döwrüdir. Bu döwrüň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerden-nesillere dowam etdirmekde bilim işgärlerine uly ynam bildirilýär. Bu beýik işleriň ähmiýetini ýaş nesillere düşündirmek, halk arasynda wagyz etmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, tutuş dünýäde mukaddes Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine, ýörelgelerine eýerip, türkmen halkyny bagtyýar geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Enejan BORJAKOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.