Demir ýol ulaglary ministrliginde möhüm ähmiýetli maslahat geçirildi
29-07-26
Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ata Watanymyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Halk maslahaty – beýik tutumlaryň başlangyjy» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler türkmeniň müňýyllyklardan gözbaş alýan döwletlilik ýörelgeleriniň gymmaty, häzirki ähmiýeti hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Hakykatdan-da, ata-babalarymyz iň jogapkärli, iň çylşyrymly meseleleri paýhasly maslahat, özara düşünişmek we agzybirlik arkaly çözüpdirler. Hut şonuň üçin hem türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde maslahatlaşmak diňe bir däp bolman, eýsem, milletimiziň ruhy baýlygynyň, jebisliginiň hem-de döwletliliginiň mizemez sütünleriniň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde bu mukaddes ýol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi arkaly döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ata Watanymyz, mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Onuň öňüsyrasynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň öňünde duran geljekki wezipeler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň derwaýys meseleleri, gysgaça aýdanymyzda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler babatda geňeşerler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistan bilen Rumyniýa port we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Mihaý Daraban bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda port we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada THP habar berýär.
Emeli aň, sanlylaşdyrmak we energetikanyň geljegi
Dünýä energetika pudagynyň ösüşi ähli döwürlerde tehnologik ilerlemeler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Geologik barlag usullarynyň kämilleşdirilmegi täze serişde sebitlerini özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Döwrebap burawlaýyş tehnologiýalary ozal işläp taýýarlamak mümkin däl diýlip hasaplanan ýataklaryň senagat taýdan özleşdirilmegini üpjün etdi.
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gulluklary özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda import harytlary gümrük taýdan resmileşdirilende ulanylýan düzgünler boýunça tejribe alyşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.
Demir ýol ulaglary ministrliginde möhüm ähmiýetli maslahat geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ata Watanymyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Halk maslahaty – beýik tutumlaryň başlangyjy» atly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.