Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat
Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.
«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň.
«Hakyda göwheri» – geçmişe syýahat
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň soňky günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Bu hoş habar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär.
TÄZE ÝYL ÝÜREKLERE NUR ÇAÝÝAR
Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygyny her kim öz öýünde toý saçagynyň başynda şadyýanlyk, agzybirlik, bagtyýarlyk bilen garşylamagy niýet edinýärler.
Gyş pasly bilen bagly maslahatlar
Dünýämize gyş paslynyň gadam basmagy bilen, köp adamlarda ýorganyň astynda ýylylygyň mylaýymlygyny duýup, bir käse gyzgyn çaýdyr kofe demlenip, sowuk howaly günleriň gelmegine garaşmak arzuwlary döreýär. Muny ýöne diňe melodrama filmleriniň gahrymanlaryndan başga başarjak adam ýok bolsa gerek.
«Hakyda göwheri» ― milli mirasa sarpa
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, täze kitaby ýazyp tamamlandygyny, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar bermegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
Şypahanadan şypa tap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatdan gözbaş alýan il-ýurt bähbitli işler raýatlarymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär. Şeýle işleriň hatarynda ynsan saglygyny berkitmek, raýatlaryň döwrebap dynç alşyny üpjün etmek babatda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýola goýulýan giň mümkinçilikler aýratyn ähmiýete eýedir.
ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – MEKDEBIŇ BAŞ WEZIPESI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ulgamyň işini kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler özüniň gowy netijesinem berýär. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir..
TÄZE OKUW ÝYLY — TÄZE ÜSTÜNLIKLERIŇ BADALGASY
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär, ylym öwrenmegi, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana halkymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde eziz Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Demirýolçular maşgalasy
Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-babalarymyz arassa, halal zähmet çekmegiň her bir adama eşret getirýänligini «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýen parasatly pähimde beýan edipdirler. Özüniň bütin ömrüni Watanymyza, il-günümize hyzmat etmäge bagyşlap, zähmetden bagt tapan bagtyýar maşgalasy bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.