Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
SAGDYNLYGYň GÖZBAŞY
Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden ybarat bolup durýar.
HEMIŞELIK BITARAPLYK — MILLI BUÝSANJYMYZ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy — diňe bir giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bolup durýar.
Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasy metbugatda çap edilip, halk köpçüligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar.
hemişelik BITARAPLYK — TÜRKMENIŇ ASYL MILLILIGI
Halk arasynda nesilbaşymyz Oguz han bilen baglanyşykly şeýle ajaýyp rowaýat bar: Duşman oguz illerine çozuş etmek isleýär. Ol gelip, eger Oguz han uruşmak islemese, ondan saýlama bedewini bermegini soraýar. Ol gelip, eger Oguz han uruşmak islemese, ondan saýlama bedewini bermegini soraýar.
hemişelik bitaraplyk DÖWLETIŇ STRATEGIK ÝÖRELGESIDIR
Bitaraplyk syýasaty Berkarar döwletimiziň üçünji müňýyllygynyň möhüm maksatlaryna deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga, durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörelgesidir.

GÖZELLIGIŇ WE RYSGALYŇ TOÝY
Nowruz halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Onuň irki däp-dessurlary halkymyzyň gündelik durmuşynda we kalbynda, hakydasynda ýaşap gelýär. Tebigata janlanyş, ynsan köňüllerine galkynyş bagyş edýän Nowruzy ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden gözbaş alyp, halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna eýe bolýar.

Näme üçin paýhas ( akyl) dişleri gerek we olary aýyrmak zerurmy?
Paýhas dişleri uzak geçmişde ata-babalarymyzdan miras galan gurluşlaryñ bir görnüşidir. Ata-babalarymyzyňkydan has giň eňekleri bardy we iýmit üwemek üçin has köp diş gerekdi. Soňky müňýyllygyň dowamynda eňegiň görnüşi üýtgedi we dişlere az ýer goýdy. Bu käwagt paýhas dişleriniň eýelerine köp oňaýsyzlyklary döredýär. Diýmek, paýhas dişleri hakykatdanam peýdalymy?
Aç garna iýilmeli däl 10 iýmit
Bu iýmitler irden boş aşgazanda iýilse, aşgazan içege kynçylyklaryny döredip biler. Ertirlik üçin başga bir önüm saýlamak has gowudyr.

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.

Ýaşlar — aýdyň ertirlerimiziň eýeleri
Geljegimiziň abadançylygy häzirki ýaşlarymyza baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýakynda, has takygy 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.