Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
Geçen hepde döwlet ähmiýetli möhüm wakalara beslenip, ýurdumyzyň döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasaty öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.