Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
1670df2ff6175f.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

1670c9aa14def1.jpeg
10 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

16708c31accec3.jpeg
10 aý ozal
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we beýleki resmi adamlar garşylady.

16708c29a219c3.jpeg
10 aý ozal
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow garşylady.

16708beca69e0e.jpeg
10 aý ozal
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Rus Lideri Aşgabatda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

16708bb0271fb5.jpeg
10 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Düýn paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

16708b9ec43e51.jpeg
10 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mongoliýanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

16708b5c1b1a57.jpeg
10 aý ozal
Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary başlandy

Düýn Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki gyrasynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglanjyk we gyzjagaz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha duz-çörek hödürlediler, gül dessesini gowşurdylar.

167075ee4eaf09.jpeg
10 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

167075def30df4.jpeg
10 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.