Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
163acfbed78335.jpeg
3 ýyl ozal
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.

163abac3277d88.jpeg
3 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl medeniýet ulgamy

«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini nygtap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

163aa5b3b70b58.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

26-njy delabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

163a909910ddb6.jpeg
3 ýyl ozal
Watanymyzyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki abraýyny barha artdyrýar.

163a65cdb83a7b.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

163a51288d8e8a.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasy: ösüşiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär.

163a3c27d607ee.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.

163a21e2d47df0.jpeg
3 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär.

163a11de9d5989.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

163a11ca774ee8.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.