Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler
6-njy ýanwarda Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary bilen HHR-e geldi.
Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasyndaky gepleşikler başlandy
6-njy ýanwarda Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
5-nji ýanwarda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda üstünliklere beslenen hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl tamamlandy. Bu ýylda Türkmenistan öz ösüşiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly täze döwrüne gadam basdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz bu ýyl bilen hoşlaşyp, täze, 2023-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.