Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

ÖZBEK-GYZRGYZ DEMIR ÝOL HYZMATDAŞLYGY
Gyrgyzystanda “Kyrgyz temir žolu” kompaniýasynyň başlygy Wasiliý Daşkow bilen “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýeti dolandyrmasynyň ýolbaşçysy Husnitdin Hasilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

TÜRKMENISTANLYLAR WATANYNA DOLANDY
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobat boýunça 9-njy çarter gatnawyny gurady. Bu gatnaw bilen Russiýanyň “S7” awiakompaniýasyna degişli uçaryň göwresinde 176 rus raýaty öz Watanyna gitdi.

Dünýä ykdysadyýetine uly täsirini ýetirýän dykyn
23-nji martda Sues kanalynda bolan güýçli ýel zerarly «Ever Given» konteýner daşaýjy ýük gämisiniň dykylyp galmagy bilen uly dykyn emele geldi. Maglumat berlişine görä, şol wagt gäminiň bortunda müsürli uçarmanlar we gäminiň 25 adamdan ybarat bolan ekipažy bardy. Häzir dykyn sebäpli 150-ä golaý tanker we beýleki ulaglar saklanyp durlar.

Russiýanyň Ulaglar ministrligi sürüjisiz awtoulaglary synagdan geçirjekdigini mälim etdi
Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň birinji orunbasary Andreý Belousow Russiýanyň Ulaglar ministrligi tarapyndan işlenip düzülen toplumy tassyklady. Synag we tapgyrlaýyn işe girizmek çäreleri köpçülikleýin ýollarda ýokary awtomatlaşdyrylan awtoulaglaryň sürüjisiz ýola goýulmagy bilen baglanyşykly bolup durýar. Şeýle resminamany taýýarlamak barada buýruk Russiýanyň Prezidenti tarapyndan berildi.

«RŽD-niň» täze programma üpjünçilik meýilleri
«Rus demir ýollary» (RŽD) paýdarlar jemgyýeti kompaniýanyň hünärmenleriň tehnologiki proseslerini sanlylaşdyrmagy we döretmegi üpjün edýän ykjam iş stansiýalarynyň aragatnaşyk torlarynyň işi üçin içerki programma üpjünçiligini giňeldýär.

Zabaýkalsk menzili arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda ýük daşamalary 15%-e golaý artdy
Zabaýkalsk stansiýasy arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda gatnawynyň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylyň fewralynda, takmynan, 15% ýokarlandy. Hasap boýunça 1,4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, olaryň 90 %-i eksport edildi.

Moskwanyň täze menziline ilkinji otlular geler
Moskwanyň täze demir ýol menzilinden «Çerkizowo» menziline duralgaly uzak aralyk gatnawynyň petekleriniň satuwy açyldy. 29-njy maýda demirgazyk-günbatardan Moskwanyň üstünden geçýän otlular Russiýanyň sebitlerine, şeýle hem Moskwadan Nižniý Nowgoroda we Iwanowo geler hem-de «Wostoçnyý» wokzal toplumynyň Çerkizowo stansiýasyna baryp ýeter.

Belgiýa demir ýollary arkaly ýük daşamak üçin 7 million ýewro sarp eder
Belgiýanyň hökümeti demir ýol pudagynda ýük daşamagy ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu barada hökümetiň wise-premýeriniň hem-de ministriň web sahypasynda habar berilýär.

Blagoweşensk — Heýhe aralygynda ýük gatnawy ýola goýuldy
Blagoweşensk bilen Heýhe aralygyndaky ponton köprüsinden uzaga çeken gepleşiklerden soň, bir gün gijä goýlan halkara ýük daşamasy täzeden ýola goýuldy. Şol gün bäş sany rus ýük awtoulagy uly inženerçilik enjamlaryny import etmek üçin Hytaýa iberildi.

UKRAINLERIŇ uçary MÜSÜRE ILKINJI UÇUŞY AMALA AŞYRDY
Ukrainanyň arzan bahaly awiakompaniýasy “Bees Airline” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy UNIAN-yň habar bermegine görä, bu barada Kiýewiň howa menzili Facebook-daky hasabynda beýan edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.