Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

Hytaý — Ýewropa ugrunda Gazagystanyň mümkinçilikleri artýar
2020-nji ýylda Gazagystanyň çäginden geçýän Hytaý — Ýewropa ugry boýunça konteýnerlerde ýük daşamagyň mukdary 517,5 müň TEU barabar boldy. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan 65% köpdür. Bu barada Trend habarlar agentligi Gazagystanyň hökümetiniň habar beriş gullugyna salgylanmak bilen beýan edýär.

BOLGARIÝA-GRUZIÝA DEŇIZ ÝOLLARY HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
Ýakynda Gruziýanyň we Bolgariýanyň kenarýaka dolandyryşlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda deňiz nawigasiýasy pudagyny gowulandyrmak üçin göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenildi.

GAZAGYSTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR
Gazagystanyň diplomatik wekilleri bilen Tatarystanyň «KamaTyresKZ» açyk görnüşli söwda jemgyýetiniň arasynda gol çekilen çarçuwaly ylalaşyga görä, Kostanaý oblastynda awtoulag tekerlerini öndürýän uly zawod gurmak meýilleşdirilýär.

Gruziýa howa gatnawlaryny giňeldýär
Gruziýanyň milli howa ýollar kompaniýasy “Georgian Airways” Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamagy amala aşyrjak kömekçi gurluşy — “Georgia Airways Cargo”-ny döretdi. Bu barada Trend habarlar agentligi Georgia Online saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.

Domodedowo gümrükhanasy we howa menzili sanlylaşdyrylýar
Domodedowo gümrükhanasy Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde kabul edilýän maglumatlary kabul etmegiň we işlemekligiň ýeke-täk ulgamyny taýýarlady. Howa menzili bu tehniki meýilnamany ýerine ýetirmeklik üçin ähli zerur serişdeleri üpjün etdi.

«Azerbaýjan demir ýollary» Gruziýa we Türkiýe bilen bilelikde täze logistik ugurlary işläp düzdi
«Azerbaýjan demir ýollary» kompaniýasy Gruziýadaky we Türkiýe döwletindäki işewürleri bilen bilelikde täze logistik ugry işläp düzdi. Bu taslama dogrusynda TREND habarlar gullugy kompaniýanyň ýolbaşçysy Balahan Nazarowyň beren maglumatlaryny ýetirýär.

«Lufthansa» Azerbaýjana we gruziýa gatnawlarYNY aÇar
Germaniýanyň «Lufthansa» kompaniýasy şu ýylyň iýun aýyndan Gruziýa we Azerbaýjan döwletlerine howa gatnawlaryny ýola goýar. Bu barada TREND habarlar gullugy sahypalarynda beýan edýär. Şeýle-de onda Gruziýanyň howa ýollary kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, çarşenbe güni bu gatnawlaryň Frankfrut — Tbilisi — Baku aralygynda amala aşyryljakdygy habar berilýär.

«Red Wings» kompaniýasy Azerbaýjana gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär
«Red Wings» kompaniýasy COVID-19 ýokanjynyň epidemiologik ýagdaýy kadalaşanda Azerbaýjana, Gazagystana we Özbegistana howa ýollary arkaly gatnawlary ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.

Eýran obalarynyň internet şertlerini giňeldýär
Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti ýokary tizlikli we elýeterli internedi peýdalanýan obalarynyň sanyny has-da köpeltdi. Bu döwletde 2013-nji ýyldan geçen ýyla çenli 35 519 sany ýerlerde işler alnyp baryldy. Bu barada iran.ru salgylanyp, TREND habar berýär.

Özbegistan — Pakistan howa ýollary ulgamynyň yzygiderli gatnawlary baradaky meseleler maslahatlaşyldy
Özbegistanyň ulag we aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri Pakistanyň howa ýollary ministri Gul Sarwar-Han bilen bolan resmi duşuşykda iki ýurduň arasynda yzygiderli gatnawlary ýola goýmak baradaky meselelere seredip geçdiler. Bu baradaky habarlary degişli KHBS-lere esaslanyp, TREND habarlar gullugy ýetirýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.