Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
Hytaýda awtoulaglar üçin dünýäde iň uzyn ötügiň gurluşygy tamamlandy
Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinzýan awtonom etrabynda dünýäde iň ýokary tizlikli «Týanşan Şenli» awtoulag ýol ötüginiň gurluşygy tamamlandy. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy habar berýär.
“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demir ýoluň gurluşygyna başlanýar
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň “Yntymak-Ordo” binasynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol kompaniýasynyň arasynda maýa goýum şertnamasyna gol çekildi.
“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy
Dünýäniň iň baý işewüri Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy maýadarlaryň kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn almagy teklip edenden siňra dünýäniň iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy.
Alaşankou gury ýer porty ýük geçirmekde rekord netije gazandy
Hytaýyň demirgazyk-günbatarysynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Alaşankou iri gury ýer portunda 23 noýabrda şu ýylyň dowamynda geçirilen ýük dolanyşygynyň bir million tonna ýetendigi resmi bellige alyndy. Bu barada inbusiness.kz saýty Hytaýyň Merkezi telewideniýesine (CCTV+) salgylanmak bilen, habar berýär.
Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş topary döredildi
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi. Hukuk maglumatlar resmi portalynda neşir edilen degişli resminama laýyklykda, toparyň düzümi hem tassyklandy.
Turkish Airlines üstaşyr gatnawlaryň ýolagçylary üçin Stambula mugt gezelençleri hödürleýär
Stambulda düşüp münýän Turkish Airlines-yň ýolagçylary şähere mugt gezelenji amala aşyrmak ajaýyp mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler. “Touristanbul” maksatnamasy syýahatçylara Türkiýäniň iri şäheriniň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
LG we Samsung dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýaly smartfony taýýarlaýar
Alyjylar elektronikasynyň iň iri dünýä öndürijileriniň biri bolan Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy beýleki iri kompaniýalaryň biri bolan Samsung bilen bilelikde dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýa binýadynda smartfony taýýarlaýarlar.
Gazagystandan we Hytaýdan awtoulag arkaly ýük daşamalaryna bolan sargytlar birnäçe esse artdy
ATI.SU saýtynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň III çärýeginde Russiýa daşary ýurtlardan ýük daşamak üçin berlen sargytlaryň sany ýyllyk möçberde 68% göterim ýokarlandy.
Gazak kompaniýasy Türkiýäniň “Hepsiburada” platformasyny satyn aldy
Türkiýäniň elektron söwda ägirdi “Hepsiburada” platformasynyň esasy paýy Gazagystanyň tehnologiýa ägirdi “Kaspi” kompaniýaysna 1,13 milliard dollara satyldy. Türkiýäniň “Dogan” maşgalasynyň agzalary bilen “Hepsiburada” platformasynyň “A” we “B” synp paýnamalarynyň 65,4 göterimini satyn almak barada şertnama baglaşylandygy mälim edildi.
Hytaý dünýäde ilkinji 6 tonnalyk uçarmansyz uçary görkezdi
Hytaýyň "United Aircraft Group" kompaniýasy dünýäde iň uly konwertoplan hasaplanýan Lanying R6000 atly täsin uçarmansyz uçar apparatyny (PUA) işläp düzdi. Mail.ru-nyň habar berşi ýaly, 6 tonna agramly bu howa gämisi 2 tonna çenli ýük daşap bilýär we hem pilotsyz, hem-de uçarmansyz tertipde ulanylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.