Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
167c006cbbe948.jpeg
3 aý ozal
16 kilometre çenli zolagy ýapýan Wi-Fi-routeri satuwa çykaryldy

Simsiz aragatnaşyk ulgamynda çözgütlere ýöriteleşen «Morse Micro» kompaniýasy täze MM-HL1-EXT kysymly Wi-Fi HaLow-marşrutizatory bilen tanyşdyrdy, ol 16 kilometrlik çäkde internete elýeterliligi üpjün eder.

167b6c427b1283.jpeg
4 aý ozal
Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Gazagystanda uçýan taksiler peýda bolup biler, bu bolsa syýahat wagtyny ep-esli azaldar. Bu barada ýurduň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministriniň orunbasary Dmitriý Mun habar berdi. Ol ýurduň ýerli metbugatyna awiasiýa pudagyny sanlaşdyrmagyň global tejribesi bilen baglanyşykly beýanat berdi.

167b41e372bf21.jpeg
4 aý ozal
Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

Dünýäniň iri kompaniýalary hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda emeli aň bäsdeşligi barha gyzyşýar. Golaýda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen halkara derejesindäki ilkinji emeli aň sammiti ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň emeli aň ugurndaky maksatnamalaryna jogap hökmünde kabul edildi.

167b2ca4bc2181.jpeg
4 aý ozal
Gyrgyzystan sanly bilim ulgamynda Google bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

167aaee41ab6cc.jpeg
4 aý ozal
Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

Kanadanyň “Brookfield” maýa goýum kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Fransiýadaky emeli intellekt taslamalaryna 20,7 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda Fransiýanyň emeli intellekt ekoulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberi 85 milliard dollara barabar bolar.

167a9a2feb27f8.jpeg
4 aý ozal
Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslama başlar. Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy, Hytaýyň Çžeszýan tehnologiýa uUniwersiteti bilen ähtnama gol çekdi, onuň çäginde wagtlaýyn emeli intellekt we durnukly ösüş halkara bilelikdäki laboratoriýasy dörediler.

1679c5c49b7d9c.jpeg
4 aý ozal
Apple iPhone enjamlaryna Starlink-e birikmegi öwretdi

Apple Space X we T-Mobile kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda soňky iOS 18.3 nusgasynda iPhone enjamlarynyň Starlink hemra ulgamyna birikmek mümkinçiligini ornaşdyrdy. Emma häzirki wagtda bu wezipe ABŞ-daky ulanyjylaryň çäklendirilen sany üçin elýeterli bolup, ol synagdan geçmek tapgyryndadyr.

1679b1d8a16902.jpeg
4 aý ozal
Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler

Norwegiýa dünýäde ilkinji bolup benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary öz bazardan çykaran ýurt bolup biler. Bu barada “CNBC” teleýaýlymy habar berýär.

1679b0ca08a0ff.jpeg
4 aý ozal
“Microsoft” kompaniýasy “TikTok” bilen gyzyklanýar

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp jikme-jik maglumat bermezden, “Microsoft” korporasiýasynyň Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasynyň Amerikadaky “Tiktok” düzüm birligini satyn almak boýunça gepleşikler geçirýändigini habar berdi. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

16799bbd7673a0.jpeg
4 aý ozal
Hazar deňzi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekiler

Hazar deňziniň aşagyndan optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini geçirmek boýunça gurluşyk işlerine 2025-nji ýylda girişiler. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.