Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
16641a4d3c95f6.png
1 ýyl ozal
Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär

Şanhaý halkara üstaşyr gatnawlary ýolagçylaryna şäher boýunça tölegsiz gezelenji hödürleýär. Bu barada Şanhaý şäheriniň Medeniýet we syýahatçylyk müdirligi habar berýär.

1663dc229b6ecd.jpeg
1 ýyl ozal
Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler

Ýaponiýada 6G-interneti üstünlikli synag etdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Täze ulgamyň maglumatlaryň geçirijiligi 5G-internetden 10 esse ýokarydyr we sekuntda 100 gigabite deňdir. Bu bir sekuntda 8 filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär diýip, hünärmenler aýdýarlar. Olar tehnologiýanyň häzirlikçe synag nusgadadygyny belleýärler. Onuň işe girizilmegi şu onýyllygyň aýagynda mümkin bolar.

1663dbdde90928.jpeg
1 ýyl ozal
Braziliýada howa menzilini we uçarlary suw basdy

Braziliýanyň Portu-Alegri şäheriniň Salgadu Filýu howa menzili güýçli ýagyşlardan soňra suwa gark boldy. Bu barada «CNN Brazil» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

1663db3f76dc01.jpeg
1 ýyl ozal
Özbegistan we Mongoliýa ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy we reýtingler müdirliginiň ýolbaşçysy Awazbek Sultanow Mongoliýanyň Ulag we ýollaryň ösüşi ministrliginiň Syýasat hem meýilleşdiriş müdirliginiň başlygy Bolor Erden bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Trend» habar berdi.

1663856dfdaa0d.jpeg
1 ýyl ozal
Günorta Koreýa deňiz ýük dolanşygy üçin 2,5 milliard dollar maýa goýum goýýar

Günorta Koreýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli deňiz ýük dolanşygy 140 million tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bulardan başga-da, konteýner terminallarynyň kuwwatyny 2 million TEU-a çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

16634dc95846d9.jpeg
1 ýyl ozal
«RDÝ-niň» tory boýunça ýük akymynyň görkezijileri peselýär

2024-nji ýylyň aprelinde «Russiýanyň demir ýollarynyň» torunda ýük daşamagyň derejesi 101,7 million tonna boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6% azdyr. Bu barada «RDÝ-niň» resmi saýty habar berdi.

16634da6b68ed1.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkiýäniň asyry» eksport sammitinde ulag ulgamyň möhüm meselelerine seredildi

Halkara ekspeditorlar birleşiginiň (UND) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Şerafettin Aras Söwda ministrliginiň howandarlygynda «Albayrak Medya» tarapyndan guralan «Türkiýäniň asyry» eksport sammitine gatnaşdy.

166332ee73566e.jpeg
1 ýyl ozal
«Nokia» 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy

«Nokia» brendi astynda elektronika önümlerini öndürmäge ygtyýarly «HMD Global» kompaniýasy meşhur düwmeli Nokia 3210 el telefonynyň önümçiligine täzeden başlamakçydygyny habar berdi. Bu barada «GSMArena» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

166331eacbcb35.jpeg
1 ýyl ozal
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.

166321bc88dcf6.jpeg
1 ýyl ozal
Koreýanyň «Hanwha Ocean” gämi gurluşyk kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 39 million dollar girdeji gazandy

Koreýanyň «Hanwha Ocean» gämi gurluşyk kompaniýasy, şu ýylyň birinji çärýeginde ýokary bahaly gämi görnüşleriniň, esasanam «LNG» tankerlerine sargytlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.