Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

Russiýanyň Ulag ministrligi ýollardaky kameralary dolandyrmagy kämilleşdirer
«Düzgünleşdiriji gilotinleriniň» çäginde döredilen «Ýol howpsuzlygy» iş topary Ministrler Kabinetiniň ulag kameralaryny oturtmagyň düzgünleri boýunça kararynyň taslamasyny ylalaşdy. Resminama Russiýa Federasiýasynyň hökümet enjamlarynyň gözegçilik işlerini kämilleşdirmek üçin hökümet komitetiniň degişli şahamçasyna hem-de goly bilen tassyklamagy üçin premýere ýollanar.

Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dikeltdiler
Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dünýä derejesinde gaýtadan dikeltmegi başardylar. Oňa elýeterlilik «Serial Port» web saýtynda peýda boldy.

Ilon Maskyň «xAI» emeli aň kompaniýasy superkompýuter gurar
Amerikaly işewür Ilon Maskyň eýeçiligindäki «xAI» kompaniýasy özüniň «Grok» atly emeli aň botunyň işlemegini üpjün etmek üçin şahsy kompýuterini gurmagy maksat edinýär. Milliarder bu barada ýakynda maýadarlar bilen bolan duşuşygynda habar berdi.

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy «HotCars» portaly düzdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi.

Hytaý — Ýewropa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy artýar
2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça hereket edýän ýük otlularynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanandygyny we 6184-e ýetendigini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär.

Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy
«Trend» tarapyndan berlen habarda ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol ulaglarynda daşalan ýüküň möçberiniň 10,1 million tonna ýetendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% köpdügi tassyklandy.

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Maska degişli ozalky “Twitter”, häzirki “X” jemgyýetçilik tory Stambul şäherinde wekilhanasyny açdy. Bu barada Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly habar berdi.

Pekinde Hytaýyň täze ulag merkezi dörediler
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Pekinde Aziýanyň iň uly ýerasty ulag merkezlerinden biri açylar we Hytaýyň esasy hem iri ulag taslamalarynyň üstüni ýetirer. Ol şäher häkimliginiň täze dolandyryş merkezini ýurduň infrastrukturasy bilen utgaşdyrar. «Inbusiness.kz» tarapyndan berlen hasabat bu taslamanyň nähili durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Russiýanyň we Hytaýyň demir ýollary hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşdylar
Hytaýa iş saparynyň çäginde «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Hytaýyň demir ýol ulgamyny utgaşdyrýan edarasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça şertnama gol çekdiler hem-de ikitaraplaýyn ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýän birnäçe başlangyçlary öňe sürdüler.

Huawei kompaniýasy Merkezi Aziýada intellektual ulgamlary ösdürmegi tizleşdirýär
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde “Ähli serişdeleriň kömegi bilen intellektual ulgamlaryň ösüşini çaltlandyrmak” temasy boýunça Huawei Cloud TechWave Summit 2024 sammiti geçdi. Bu barada «Kazinform» halkara habarlar agentligi habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.