Rubrikalar
Rubrikalar

HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.

SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞ
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – innowasion özgerişe badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem kämilleşdirilmegi ugrunda ýurdumyzda netijeli işler giňişleýin alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli bilim ulgamy: ösüşleriň täze döwri
Milli ösüşimiziň täze tapgyry — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak we belent sepgitleriň ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär.

ÝAŞLARA GYMMATY EGSILMEJEK SERPAÝ
Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, kalbyny buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr.

Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy
Türkmenistan hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy hem-de üstünlikli berjaý edýär.

Döwrüň derwaýys işleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýeten sepgitleri barada söz açmak ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny oýarýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňyn başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär.

Bilim — bagtyň açary
Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda we başga-da dürli bäsleşiklerde ýokary netije gazanýarlar.

Bilimli ýaşlar – ýurdumyzyň ýagty geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.