Rubrikalar
Rubrikalar
165e6d7d870fba.jpeg
1 ýyl ozal
Inžener-mehanikleriň bilim alýan ojagy

Ýokary okuw mekdebimiz paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda institutymyzda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

16548acf67f116.jpeg
1 ýyl ozal
Bag ekmek — geljek hakda alada

Häzirki ajaýyp döwrümizde asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň özara sazlaşygy ösüşleriň netijeliligini görkezýär.

16549ef7787353.png
1 ýyl ozal
SANLY BILIM ULGAMY — DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

1653bbf29845e5.jpeg
8 aý ozal
Döwrebap bilim — ýagty geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri halk hojalygynyň her bir pudagy boýunça ezber, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem olaryň ýardamy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

165d874aa0db19.jpeg
1 ýyl ozal
BAŞARJAŇ HÜNÄRMENLER ÝURDUŇ GELJEGIDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär.

165718d854f38a.jpeg
10 aý ozal
Halkara Bitaraplyk gününe

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.

1653f52f797c49.png
1 ýyl ozal
Ýaşlar baradaky alada — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry

Ösüp gelýän ýaş nesiller döwletimiziň daýanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär.

165408a736223e.jpeg
11 aý ozal
TARYHY ÝADYGÄRLIKLER — BUÝSANÇLY MIRASYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir.

165ca4cb424161.jpeg
1 ýyl ozal
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.

16540c76a7a778.jpeg
1 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pul dolanyşygynyň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köpugurly özgertmeleriniň netijesinde milli manadymyz bilen baglanyşykly düýpli çäreler döwletimiziň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan we halkyň ýaşaýyş bähbitlerine esaslanmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan barha uly ösüşleri nazarlaýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.