Rubrikalar
Rubrikalar
1655c84af7d54c.jpeg
1 ýyl ozal
Raýat awiasiýa pudagynyň rowaçly menzilleri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag we kommunikasiýalar ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

165ca4cb424161.jpeg
1 ýyl ozal
Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.

165dcbc05372ca.jpeg
1 ýyl ozal
BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar.

1657d68c171179.jpeg
1 ýyl ozal
Ösen tejribelerden ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşlerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim özgertmeleri mynasyp orun eýeleýär.

1657d693c6ddd2.jpeg
1 ýyl ozal
Zehinli ýaşlara buýsanç

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär.

1657f530087d7a.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzyň Ulag diplomatiýasynyň esasy wezipeleri

Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag ulgamynda hem gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

16576963426964.png
1 ýyl ozal
Bilim we tejribe sazlaşanda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

165718d854f38a.jpeg
10 aý ozal
Halkara Bitaraplyk gününe

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.

1675c08d163793.jpeg
10 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — edebi mirasymyz

Gadymy hem mydam juwan halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Diňe bir türki halkly ýurtlarda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde Magtymguly şahyryň şygryýetine belent sarpa goýulýar. Dünýä alymlary, edebiýatçylary dana şahyryň goşgularynyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini belläp, oňa ýokary baha berýärler.

165802901e3ece.jpeg
1 ýyl ozal
ÝAŞLARA YNAM BEREN ÝYL

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.