Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri

HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.

ÝAŞ NESLIŇ KÄMIL ÝETIŞMEGI UGRUNDA NUSGALYK ALADALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sanly bilim ulgamy – ösüşleriň kepili
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň islendik ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň möhüm ädimleri
Her bir güni şanly senelere, guwandyryjy üstünliklere beslenýän hemişelik berkarar ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu wezipeler maglumat tehnologiýasynyň iň häzirki zaman görnüşleriniň ornaşdyrylýandygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça ähli pudaklaryň öňünde belent maksatlaryň goýulmagy bu babatdaky giň gerimli işleriň ilerlemegine aýratyn goşant goşýar.

YLYM — GELJEGIŇ GÖZBAŞY
Topragyň rysgal-bereketli bolmagy üçin suw nähili derejede gerek bolsa, ynsan ömrüniň manyly bolmagy üçinem ylym-bilim şonça derejede gerekdir. Danalaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir.

Ýurdumyz beslenýär şöhrat hem şana!
Täze taryhy döwürde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, eziz ýurdumyzda köptaraply hem häzirki zaman gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda uly işler amal edilýär.

ULAG DIPLOMATIÝASY: RÖWŞEN GELJEGE BADALGA
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygy, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde ýokary derejede geçirýän gepleşikleri we duşuşyklary, olarda gazanylýan netijeli ylalaşyklar diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşine gönükdirilendir.

SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.

SANLYLAŞDYRMAK — AÝDYŇ GELJEK
Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň kompýuter tehnologiýasyny özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.