Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
163f868e877319.jpeg
1 aý ozal
ARKADAGLY ÝAŞLAR - ÝURDUMYZYŇ AÝDYŇ GELJEGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Arkadagly Serdarmyzyň baştutanlygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär.

1660e73e9cb7c0.jpeg
1 aý ozal
Ýaşlara ynam — aýdyň geljege tarap

Biziň halkymyz ýaş nesillere aýratyn nazar bilen garap, onuň terbiýesini, ylym-bilimini we sagdyn kemala gelmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il ýurt bähbitli özgertmelerinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam edýän döwletli syýasatynda hem aýdyň ýüze çykýar.

169142c31d536a.jpeg
1 aý ozal
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýurdumyzyň ýagty ertiri bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, ýaşlar syýasatyna milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde garalýar.

16911e9501f497.jpeg
1 aý ozal
YNSAN KALBYNYŇ ŞAHYRY

Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli buýsanjy. Şahyryň ýaşaýşyň manysy, ynsan mertebesi, adamkärçilik, hoşniýetlilik baradaky pikirleri her bir ada-my durmuşdaky öz borjy hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin akyldaryň pähim-parasatdan ýüki ýetik çuň manyly şygyrlary köňüllerde inçe duýgulary oýaryp, müdimi orun aldy.

16911e3ba7082f.jpeg
1 aý ozal
Kämil bilim – ösüşlere şamçyrag

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syyasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan yaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zahmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ahli mümkinçilikler doredilyar.

1660257d14b340.jpeg
1 ýyl ozal
Gelendir arzuwlan döwrüň, Pyragy!

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol diňe bir türkmeniň galagoply eýýamynyň ruhy sütüni däl-de, eýsem, milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy, mukaddes Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, berkarar döwletiniň ruhy kökleriniň özboluşly çeşmesidir.

16911e25d29e6e.jpeg
1 aý ozal
Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürilmegine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

1640c464423107.jpeg
1 aý ozal
Sanly bilime giň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösdürmäge düýpli itergi berýär. Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen çäreler diýseň buýsandyrýar.

1640c471442cbc.jpeg
1 hepde ozal
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

1690d73ca6a582.jpeg
1 aý ozal
Döwrebap bilim ulgamynyň batly gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, döwrebap sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.