Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri

Ýaşlar hakynda alada
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bilim — bagtyň çyragy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.

Akyldar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Häzirki wagtda bu ýubileýe taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

Bilimli ýaşlar – ýurdumyzyň ýagty geljegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

Bilim — bagtyň açary
Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda we başga-da dürli bäsleşiklerde ýokary netije gazanýarlar.

Döwrüň derwaýys işleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýeten sepgitleri barada söz açmak ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny oýarýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňyn başlangyçlarynyň netijesinde, şeýle-de ýurdumyzda edilýän her bir işiň häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelmegini gazanmak babatda öňe sürýän pikirleriniň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary günsaýyn özgerdilýär.

SANLY BILIM — DÖWREBAP BILIMIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bedew batly gadamlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwrüň täze gazananlary bilen depginli dowam edýär. Muny häzirki wagtda ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan ugurlaryň esasy orunda goýulýanlygy hem subut edýär. Çünki şu günüň gözi bilen dünýäniň häzirki ösüş derejesine nazar aýlanyňda, tehnologiýanyň döredýän mümkinçiliklerini amatlyklar üçin peýdalanmak zerury ýagdaý bolup ör-boýuna galýar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa
Aslynyň kimlerdendigini şahyryň özüniň aýdyp geçmegine görä Magtymgulynyň ýaşlyk, ýetginjek ýyllary Etrek, Gürgen derýasynyň boýunda Soňydag, Gyzylbaýyr sebitlerinde tebigatyň gözel ýerlerinde geçipdir. Şol döwürlerde Eýran hanlyklarynyň çozuşlarynyň häli-şindi gaýtalanyp durmaklygy sebäpli şahyryň nebereleri öz ildeşleri bilen bilelikde, ilki Soňydaga, soňra bolsa Garrygala taraplara göçmäge mejbur bolupdyrlar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - paýhas mekdebi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.