Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Bagtyýar ýaşlara belent buýsanjyň beýany
Durmuşyň, ýaşaýşyň gözelligi ýaşlykda, ýaşlyk joşgunynda jemlenendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şeýle joşgunly ýyllaryň biri boldy. Düýn paýtagtymyzda ýokary ruhubelentlikde şanly ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahat hem-de sergi muny aýdyňlygy bilen tassyklady.

Ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly forum
Şu gün, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejesinde ösdürmekde, ýaşlaryň dünýägaraýyşlary bilen bagly giň mümkinçilikleri açyp görkezmekde ýardam berjek bu halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi jemgyýetçilik köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.

Ýaşlar - kämilligiň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Edep-terbiýe, ylym-bilim hemişe ynsanyň bedeninde sazlaşykda bolýar. Ylym-bilim giň umman ýaly aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýär.

Magtymguly Pyragy — döwrüň paýhas çyragy
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmeniň adyny dünýä derejesine göteren danadyr. Beýik akyldaryň şahyrana eserleri bagtyýar geljege ynam döredip, türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini üpjün edýär. Şonuň üçin dana şahyryň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün adamzadyň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi.

BEÝIK IŞLERIŇ EÝÝAMY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar.

TÜRKMEN MILLI GÖREŞI
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris.

SANLY BILIM ULGAMY — DÖWRÜŇ TALABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Magtymguly Pyragy — ähli göwünleriň we döwürleriň şahyry
Türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda ähli adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Şonuň üçin hem bu baý döredijiligi, ajaýyp goşgulary alymlar ylmy esasda öwrendiler, şygyrlaryň many-mazmunyny geljek nesillere ýetirdiler. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary halkyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy, dünýä edebiýatynyň hem nusgasyna öwrüldi.

Sanly ulgam — özgerişlere barýan ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.