Sport – sagdynlygyň çeşmesi
13-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn kemala getirmek uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hut şeýle döwletli tutumlaryň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen sport mekdepleri, stadionlardyr beýleki sport desgalary jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Diýarymyzda halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri göz öňünde tutulýar. Onda ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy diýlip beýan edilýär.
Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawyny öz içine alýan Kanunyň 31-nji maddasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş raýatlarda bedenterbiýä we sporta islegi ösdürmek, çagalar, ýaşlar, maşgala dynç alşyny döretmek babatda innowasiýa tehnologiýalaryny hem-de usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen sagaldyş-dynç alyş, mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly esasy ugurlar berkidilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň sagdyn ýaşaýyş, bedenterbiýe-sport babatyndaky nusgalyk göreldeleri, ýiti zehininden dörän kitaplary halkymyzyň gündelik durmuşynyň ýolgörkezijisine, ýaşlarymyzyň ylmy-okuw gollanmasyna öwrüldi. “Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir” diýen jümle bar. Bu jümle hiç döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmez. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr. Saglygy aýamak her bir adamyň özüne bagly bolup durýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işeňňirligiňi artdyrýar, ruhuňy belende göterýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni hem ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip atlandyrylmagy, «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem paýtagtymyzda 2024-nji ýylda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini yzygiderli geçirip, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.