SANLY BILIM ULGAMY - MÜMKINÇILIKLERE BADALGA

15-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi.

Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ösüşleriň hatarynda internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň işe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar.  Bilim ulgamynda innowasion özgertmeler tiz durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi sanly bilim ulgamynyň mümkinçiligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde ýaşlaryň iň kämil bilimlere eýe bolmak mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar, çünki sanly bilim ösen tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylyp, wagtyň tygşytlanmagyna, tiz maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Döredilýän bilim portallarynda hem internet ulgamynyň kömegi arkaly kitaplar, dürli maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Munuň özi bolsa, esasan, ýaşlaryň sapaklaryna ýetişmeklerine we tiz maglumat bilen tanyşmaga, ylmy kitaplary sanly ulgamdan okamaga ýardam edýär. Sanly bilim portaly internet arkaly uzak aralykdan bilim almaga we bilim bermäge uly mümkinçilik döredýär. Munuň özi zehinli ýaşlarymyzy ylym, bilim we täze tehnologiýalar boýunça gözleg işlerine höweslendirýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň döwrebap usuly häzirki bi-limlerden habarly kämil hünärmenleri ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagy olaryň ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle sazlaşyk ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkyna, esasan hem, ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim işgärleri tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.