CRRC ZIYANG CO., LTD ZAWODYNDA DÜÝPLI ABATLAÝYŞ IŞLERI GEÇIRILDI

21-07-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkleşdirmek, döwrüň talabyna laýyklykda enjamlaşdyrmak, olaryň hyzmat ediş kuwwatyny ýokarlandyrmak we degişli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenleriň oňaýly şertlerde ýaşamaklary şeýle hem işlemekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi babatda ençeme taslamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan «Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» bilen bir hatarda şol ýolyň çäginden geçýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da jebisleşdirmek işini esasy maksat edinýär. Türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şeýle hem uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň dizel lokomotiwleri Hytaýyň CRRC Ziyang Lokomotiw Co., Ltd. kompaniýasynyň degişli zawodynda düýpli abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işlerini üstünlikli geçirdi. Lokomotiwler 18-nji iýulda gurnama liniýasyndan üstünlikli çykdy şeýle hem ýakyn wagtda ýurdumyzyň demir ýollarynda işini dowam etdirmek üçin Türkmenistana getiriler.

2024-nji ýylyň ahyrynda CRRC Ziyang kompaniýasy, «Demirýollary» AGPJ bilen bu lokomotiwleri yzygiderli abatlamak we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak barada şertnama baglaşypdy. Lokomotiwleriň bir topary 2025-nji ýylyň maý aýynda CRRC Ziyang zawodyna geldi. Taslama dizel hereketlendirijileri we elektrik ulgamlary ýaly esasy komponentleri takyk bejermek bilen baglanyşykly bolup mundan başga-da, lokomotiwler täze «akylly» ulgam ýagny «akylly» tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

CRRC Ziyang bilen Türkmenistan demir ýollarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2004-nji ýylda başlandy we yzygiderli ösýär. Ýönekeý eksportdan ulaglar, ätiýaçlyk şaýlar we zawod abatlaýyşy ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga öwrüldi. CRRC Ziyang kompaniýasy şu güne çenli Türkmenistana 294 lokomotiw eksport etdi.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.