EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK UGRUNDA ÜSTÜNLIKLI TAGALLALAR
26-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berlip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bellenen maksatnamalar hem-de bu ugurdaky meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi tebigaty aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip gelipdir. Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, “Tebigaty goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Ösümlikleri goramak hakynda”, “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly syýasaty bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigat gözelliklerini goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda badalga berlen maksatnamalar häzirki we geljekki nesilleriň abadan hem bagtyýar durmuşy, saglygy baradaky aladany öz içine alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, “Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär”.
Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Hazar deňziniň jana şypaly kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň özi halkymyzyň we daşary ýurtlularyň sebitiň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin giň ýol açýar.
Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we gözel tebigatymyzy goramak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Myrat BERDINOBATOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.