TEBIGATYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY

24-10-25

Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolman, ony öz saglygyňa görä ulansaň, seniň ene topragyň hözirinden ýerlikli peýdalanandygyňdyr. Ynsanyň dünýä gelmegi bilen, öz ynsanlyk borjuny ödemäge çalşyşy ýaly, topragyň wezipesi hem adama hyzmat etmekdir. Haçan-da ynsan bilen toprak dil tapyşanda, ajaýyp bir sazlaşyk emele gelýär. Bu sazlaşyk, gönüden-göni ynsan başynyň täji bolan saglyk bilen berk baglanyşyklydyr.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi, ýurduň topragynyň ýerasty we ýerüsti hazynalara baýlygy, suwunyň hem howasynyň jana ýaramlylygy, dagy-düzüniň, sähra-çölüniň, deňiz-derýasynyň ýerbe-ýerligi buýsanjyňy goşalandyrýar. Ene topragyň tebigat bilen sazlaşykda ynsana eçilýän baýlyklary hakynda bolsa örän köp zatlary beýan etmek bolýar. Adama öz dogup-dörän topragyndan gowy bejerginiň ýoklugy diýseň jaýdar hakykat.

Türkmen sährasynyň dürli pasyllaryndaky tebigy hadysalary, al-elwan güllere bürenýän giň meýdanlary, olardan daş-töwerege ýaýraýan hoşboý yslary aklyňy haýrana galdyrýar, gözüňi dokundyrýar. Dag ulgamlaryndaky gözellikler, başyny bulutlara bürenip oturan beýik dag gerişleri, kert gaýalar, ajaýyp dereler, tektoniki hadysalaryň netijesinde böwsülip bölünen daglaryň arasyndan aýlawly ýollary ýasan dury we süýji suwly çeşmeleri göreni haýrana galdyrýar. Bu ýerde ösýän ösümlikler we haýwanat dünýäsi ýurdumyzyň biodürlüligini emele getirýär. Gadymy rowaýatlarda Watandan aýra düşen batyl gahrymanyň öz ilinden getirilen topragy gözlerine sürtende dünýäni görmek bagtyna eýe bolşuny okanyňda, munuň aňyrsynda batylyň batyllykdan halas bolşundan ötri, başga, has uly bir manynyň bardygyny kalbyň bilen duýýarsyň.

Ene toprak, onuň ynsan saglygyna ýetirýän peýdaly täsirinden gürrüň edilse, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri giňişleýin beýan edýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan buýsanç bilen söz açýarsyň. Gahryman Arkadagymyz: “Bu kitap meniň mukaddes ene süýdi bilen aňyma ornaşan ene topragymyza we mähriban halkyma hem-de ata-babalarymyzyň bize galdyran mirasyna bolan çuňňur söýginiň netijesinde döredi” diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyz ynsanyň tebigata bolan söýgüsiniň watansöýüjilik bilen berk baglanyşykly bolmalydygyny ündeýär. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgelere laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ildeşlerimiziň asylly maksadyna öwrüldi. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň ösümlik dünýäsinden netijeli peýdalanmak we sagdynlygy saklamak esasy ugurlaryň biridir. Şunda ösümlik dünýäsi bilen birlikde howanyň arassalygy, bag-bakjalar aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki ajaýyp döwrümizde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyz bagy-bossanlygy bilen tapawutlanýar, gözel keşbi bilen haýrana goýýar. Umuman, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak arassa howa, bagy-bossanlyk hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Görşümiz ýaly, bereketli türkmen topragy biziň iň ýakyn hemaýatkärimiz, rysgalymyzyň gözbaşy, saglygymyzyň goragçysy. Goý, ene topragymyzyň gymmatly baýlygy bolan dermanlyk ösümliklerimizi wagyz etmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edip, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman, beýik işleri dowamata dowam bolsun!

Aýnur BAÝRAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.