RUS DILINI ÖWRETMEKDE INNOWASION USULLAR
08-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şunda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini kämil öwrenmeklerine uly ähmiýet berlip, bu babatda yzygiderli tagallalar edilýär. Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar. Bu günki günde daşary ýurt dilleri orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Döwrümiziň ösmegi bilen sapaklary okatmagyň hem iň döwrebap usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak sapak geçmegiň esasy ugruna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, okuwçynyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar.
Daşary ýurt dilini öwrenmekde interaktiw usullaryň ulanylmagynyň wajypdygyna turuwbaşdan ünsi çekmek isleýäris. Munuň özi sapakda özara işjeňligiň örän ýokary bolan ýagdaýydyr, diňe bir mugallym bilen okuwçynyň däl, eýsem, okuwçylaryň öz arala-ryndaky işjeňligiň hem oňyn netije berýän usulydyr. Ozalky usullarda esasan diliň belli bir tarapyna - grammatikasyna, ýazuw endikleriniň ösdürilmegine üns berilýärdi. Şeýle ýagdaýda sözleýiş endiklerini kemala getirmek mümkinçiligi azalýar. Interaktiw usullarda bolsa, ýazuw endikleri-de, sözleýiş medeniýeti-de gyradeň ösdürilýär. Ýeri gelende bellesek, daşary ýurt dillerini okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ençeme usullary bolup, okuwçylara daşary ýurt dilini öwretmek üçin olary giňden peýdalanýarys. Şol usullara toplumlaýyn çemeleşip, olaryň ählisini hem yzygiderlilikde peýdalanmaga çalyşýarys. Şonuň üçin-de, ol ýa-da beýleki usula artykmaçlyk berip, beýlekileri ünsden düşürmek bolmaz.
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman tejribesi okuw sapaklarynda labyzly okamagyň ýaşlara uly täsiriniň bardygyny äşgär edýär. Ýaşlaryň grammatikanyň talaplaryna laýyk ýazyşyny, erkin sözleýşini üpjün etmek dilçi mugallymlaryň pedagogik tejribelerine, ukybyna bagly bolýar. Ýaşlaryň erkin sözleýişlerini ösdürmek üçin alada edýän mugallym diliň grammatik gurluşy we sözlük düzümi hakynda hem ýaşlara düşünje bermegi ýatdan çykarmaly däldir, çünki sözleýiş bilen grammatikanyň aýrylmaz baglydygy baradaky düşünje ýaşlaryň aňyna berk ornaşdyrylmalydyr.
Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn-da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär. Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr. Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir. Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýlede bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär. Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir.
Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr. Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, rus diliniň ýaýramak derejesi 8-nji orny eýeleýär. Bu ugurda iňlis dili (1,5 mlrd), mandarin hytaý dili (1,1 mlrd), hindi dili (602,2 mln), ispan dili (548,3 mln), fransuz dili (274,1 mln), arap dili (274 mln) we bengal dili (272,7 mln) öňdeligi eýeleýär.
Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr. Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde rus dili we edebiýaty fakulteti bolup, onda rus dili boýunça kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Mundan başga- da, ýurdumyzda rus dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän orta mekdepler hem hereket edýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylym-bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralary gurlup, ulanmaga berildi, birnäçeleriniň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Biz - bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ähli ulgamlary ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulbagt AMANMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetiniň rus edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.