PEDERLERDEN MIRAS MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI

30-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň milli terbiýeçilik mekdebi - munuň özi  ynsanyň ýüreginde bar bolan  gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky  gurşawyň oňat  ýörelgelerini endik  etmegini  gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent  ýaşamaga, mydama  netijeli hereketde  bolmaga  gönükdirmekdir. Onda mukaddes zatlary söýmek, ýaramaz endikleri  ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. Ata-enäniň alan deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna bolsa agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek - birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr - kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk - häsiýetler mahsusdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ruhy baýlyklarymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma has-da artdy. Milli ýörelgelerimiziň özeninde ene dilimiz, edebiýatymyz, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr. Şeýle asylly ýörelgelerimizi, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere öwretmek we olarda watansöýüjilik, il-güne belent sarpa ýaly häsiýetleri terbiýelemek esasy ugurlaryň biridir. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri adamlaryň watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk - halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem, nesillermize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak, ýagty, bagtyýar gelejegiň binýadyny gurup bermekdir. Halallyga gol ýapyp, arassalygy, päkize ynsaplylygy durmuşa ornaşdyrmak päk maksada okgunly döwrebap şahsyýeti kemala getirmekdir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni-ruhy baýlyklara, gadymy sözlere, manyly aýtgylara, edebi gymmatlyklara aýawly çemeleşýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynyň, diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, medeni-ruhy mirasynyň egsilmez hazynadygyny aňladýar. Halk mirasy bilen baglanyşykly gadymy sözler, şol sanda atalar sözi, nakyllar, dürli aňlatmalar, täsirli aýtgylar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde we olarda watansöýüjilik ruhuny döretmekde egsilmez ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Halk döredijiliginiň nusgasy bolan nakyllaryň, şeýle hem atalar sözüniň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny hem bellemek gerek.

Her bir ýaş nesliň wekiliniň ilhalar adam bolup kemala  gelmeginde gözel  tebigatyň hem   ähmiýeti örän  uludyr. Terbiýeçiniň,  ene-atanyň,  mugallymyň, jemgyýetçilik işgäriniň  ýagşy edep-göreldesi we  ýaşlardan talap edýän  dogry  zatlary  kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde  uly orun eýeleýär. Ýaş nesliň sagdyn ösmegi, gowy ýaşamagy, okap bilim almagy üçin has oňat şertleri döretmek halkara derejesindäki meselä öwrüldi. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde ösüp gelýän ýaş nesle bilim terbiýe bermek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmakda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy. 

“Dialog – parahatçylygyň kepili”

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.


SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.


ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.


«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere  beslenýär. 


«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.