KÖRPELERIŇ KÄMILLIGI – BAŞ MAKSADYMYZ
30-05-25
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň biri hem daşary ýurt dillerini öwrenmekdir. Biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda iňlis dili düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda körpeler iňlis dilini 4-5 ýaşlarynda öwrenip başlaýarlar. Iňlis dilini degişli maksatnama laýyklykda özleşdirseler, onda çagalaryň sözleýiş endikleri ösýär, söz baýlygy artýar. Şonuň üçin körpelere iňlis dili boýunça okuw maksatnamasynyň talabyna laýyk bilim bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar.
Çagalar baglarynda okatmagyň öz usuly aýratynlyklary bar. Ol aýratynlyklar sapagy usuly taýdan dogry guramak, çagalaryň ünsüni özüňe çekmek, sapaklary oýun esasynda alyp barmak, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmak, okuw görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelerden ybaratdyr. Şonuň üçin mugallym sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmekde oýunlaryň peýdasy uludyr. Dil öwretmekde oýunlaryň uly ähmiýetiniň bardygy pedagogikada subut edilendir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalar bilen iňlis dili sapagy gurnalanda, hökmany suratda çagalaryň başarnyklaryna nazara alynmalydyr. Şeýlelikde, oýunlaryň üsti bilen guralan iňlis dili sapagy körpeler üçin has täsirli we netijeli bolýar. Olar oýunlaryň dowamynda sapakda özlerini erkin alyp barýarlar, berlen ýumuşlary höwes bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Mugallym sapakda alypbaryjy ýada gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. Bularyň hemmesi körpeleriň iňlis dilinde sözleýiş, diňläp düşünmek ýaly endikleriniň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa körpeleriň iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini we gyzyklanmasyny ösdürýär. Oýunlar sapaga özboluşly öwüşgin berýär, ýaýdanjaň, çekinjeň çagalaryň höwesini artdyrýar. Her bir sapakda ulanyljak oýnuň maksady bolmalydyr, mugallym şol maksada ýetmäge synanyşmalydyr.
Körpeler bilen sapagy oýun ýada sahna görnüşinde guramak olaryň bilimlerini berkitmegiň iň möhüm şertidir. Iňlis dili sapaklarynda guralýan oýunlar çagalaryň özara işjeňligini artdyrýar hemde ýatkeşligini, pikirleniş ukyplaryny ösdürýär. Çagalar hereketsiz oturmaga kanagat etmeýärler. Şonuň üçin olar bilen sapagy şu hödürlenjek oýunlar arkaly gurnamak çagalaryň işjeňligini artdyrar we sapagyň gyzykly bolmagyna ýardam eder. Çagalar baglarynda iňlis dili sapaklary geçilende körpeleriň ählisiniň işjeň gatnaşmagyny gazanmak möhümdir. Şunda terbiýeçi sapaklary gyzykly we özboluşly guramaga aýratyn ähmiýet berýär. Meselem “Reňkler” temasy geçilende körpelere miweleriň ýa-da gök önümleriň suratlaryny reňklemegi tabşyrmak bolýar. Olar suratlary reňkleýän wagtynda olaryň iňlis dilinde atlandyrylyşyny hem öwrenýärler.
Körpeler bananyň suratyny sary reňk bilen reňklänlerinde, ony “yellow” diýip gaýtaladýaryn, ýa-da almany gyzyl reňk bilen reňklänlerinde “red” diýip, onuň reňkini iňlis dilinde aýtdyrýaryn. Reňkler temasy geçilende sapagy gyzykly oýunlar bilen hem guramak bolýar. Meselem, reňkli kagyzlary ýerde ýerleşdirýärin, soňra körpelere iňlis dilinde haýsy hem bolsa bir reňki aýdýaryn, olaryň şol reňkli kagyzy tapyp, üstünde durmaklaryny tabşyrýaryn. Çagalar ädim ädip, menzile ýetende, olary “Berekella!” diýip sylaglaýaryn. Şeýle hem reňklenmeli suratlary höweslendiriji hökmünde çagalara berip, öýde reňklemeklerini tabşyrýaryn. Bu bolsa olarda diňe sapagyň dowamynda däl-de, sapakdan daşary hem iňlis dilini öwrenmäge isleg döredýär.
Daşary ýurt dilini kämil bilmek döwrüň barha ösýän talabydyr. Çagalary höweslendirip, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Bilim işgärleri üçin netijeli zähmet çekmäge ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Oksana JUMALYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.