Welosiped — saglyk we belent ruh
04-06-25

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk gününde bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişleriň giň gerimde geçirilmegi çagalykda iň gyzykly güýmenjämiz bolan welosipediň şan-şöhratyny has-da artdyrdy.
Lukmanlaryň bellemegine görä, welosiped sürmek çagada özerkliligi, ruhubelentligi, çydamlylygy, gujurlylygy terbiýeleýär. Mundan başga-da, çaga tigir sürmegi öwrenmek arkaly gorkulary ýeňip geçmek, maksada okgunly bolmak, töweregindäkilerden nusga almak ýaly endikleri özleşdirýär. Diýmek, bu sport ulagy diňe saglygymyza däl-de, biziň jemgyýetde özümizi alyp barşymyza, zähmetsöýer, düzgün-nyzamly bolmagymyza, geljekde durmuşyň çylşyrymly öwrümlerinde çalt we dogry çözgüt tapmagymyza-da ýardam edýär.
Welosiped sporty sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan, ony ulag serişdesi hökmünde peýdalanýan adamlaryň sany yzygiderli artýar.
Elbetde, welosiped diňe bir uzak ýola aşmagyň amatly serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol saglygyňy berkitmekde hem diýseň peýdalydyr. Muny öz işine ussat lukmanlardyr alymlar hem tassyklaýarlar. Welosiped sürmegi ýagşy endik edinen adamyň dem alşy hem kadaly bolýar we tutuş bedeniň işjeňligi ýokarlanýar. Bu bolsa ynsanyň has-da ruhubelent bolup, uzak ýaşamagyna, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, dury pikirli bolmagyna uly itergi berýär.
Bütindünýä welosiped gününe hem-de bagyşlanyp geçirilýän ekologik çäräniň çäklerinde paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi hem ýurdumyzda sagdyn durmuşyň ýörelgä öwrülendiginden habar berýär. Bu çäre adam üçin amatly bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy sagdynlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şu günlerde şäherde hereket edýän ulaglaryň sanynyň göz-görtele azalmagyna, raýatlarymyzyň pyýada ýa-da welosipedli hereketlerine ser salanyňda, çäräniň peýdasynyň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.
Mähriban halkymyz hem hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkitmek işlerini dowamly alyp barýarlar. Halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin şeýle zerur işleri durmuşa geçirýän, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmegi özüniň hemişelik aladasyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Selbi TÄÇLIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.