SANLY BILIM ULGAMYNYŇ MILLI ÜLŇÜSI KEMALA GELÝÄR
06-07-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilim ulgamynyň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.
Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasan, bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy bilen şertlendirýändigini iş ýüzünde subut edýän durmuşy mysallar sanardan köpdür. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň düýpli özgerdilmegi babatda döwlet tarapyndan täze usullarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegini, “Sanly bilim” portalynyň işe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini görkezmek bolar.
Häzirki döwürde ösen döwletleriň tejribesine ornaşan sanly bilim ulgamynyň milli ülňüsiniň kemala gelýändigi bellidir we ýurdumyzyň ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipedir. Munuň özi dünýäniň bilim ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilimiň kemala getirilmegini we ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny talap edýän möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň sanly bilim ulgamynda amala aşyrylýan başlangyçlar özüniň ajaýyp netijeleri bilen meşhurlyga eýe bolýar. Sanly bilim ulgamy - maglumat jemgyýetidir. Maksady - bilimiň mazmunyny elýeterli we öwrenilmeli maglumatlar bilen her bir raýaty ýeterlik üpjün etmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamynyň esasy bilim maglumatlarynyň jeminden durýar. Onuň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň hemmeler - okuwçylar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin mydama elýeterli bolmagy şertdir. Bu ulgamyň döredilmegi, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk serişdeleri arkaly raýatlaryň bilim almagy, alan bilimlerini üznüksiz we özbaşdak kämilleşdirmäge höweslendirilmegi, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlaryň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we beýlekiler onuň oňyn netijeleridir.
Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim edaralary okatmagyň iň bir öňdebaryjy tehnologiýalary - täze kompýuterler, dürli okuw-usulyýet enjamlary, bütindünýä habarlar ulgamyna birikdirilen internet ulgamly okuw otaglary bilen enjamlaşdyrylandyr. Elbetde, bu zatlar täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç hasaplanýan sanly bilimi ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Oraz BABAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Terapewtik stomatologiya kafedrasynyň mugallymy.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.